BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI SYLAGLANDY
654Geçen aýda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk üstünlikli jemlendi. Onuň jemlerine bagyşlanyp, golaýda uniwersitetimizde «Ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmek biziň borjumyzdyr» atly bäsleşik geçirildi. Onda talyp ýaşlar ýol hereketini doly we dogry berjaý etmek bilen bagly düzgünler, jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi dogry alyp barmagyň kadalary boýunça bilim-düşünjelerini artdyrdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewlerini, gymmatly nesihatlaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýaş nesli milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň zehinlerini ýüze çykarmak, olary hünäre ugrukdyrmak, ylma, döredijilige bolan höweslerini has-da artdyrmak maksady bilen geçirilen fakultetara bäsleşige gatnaşyjylara ýol hereketiniň düzgünleri boýunça birnäçe soraglar berildi. Her dogry jogaba 1 ball baha berlip, olaryň jemi boýunça ýeňiji kesgitlendi. Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplara uniwersitetiň rektorlygy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Sylag gowşurylyş dabarasynda nygtalyşy ýaly, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek her birimiziň sagdynlygymyzyň, rahatlygymyzyň kepilidir. Geçirilýän şeýle bäsleşikler talyp ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, bilimlerini artdyrmaga uly ýardam berýär.
Bize ýokary guramaçylykly geçirilýän şeýle bäsleşiklere gatnaşyp, zehinimizi açyp görkezmäge, döwrebap bilim almaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!
Pälwan Orazmyradow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň Dökma
önümçiligi fakultetiniň pagtanyň ilkinji
işlenilişi hünäriniň 3-nji ýyl talyby.