NOBATDAKY YLMY-TEJRIBE DUŞUŞYGY PISSEÇILIKDE DÖKÜNLERI ULANMAK BARADA BOLDY

407
Geçen şenbede S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyplaryň, hünärmenleriň we myhmanlaryň gatnaşmagynda ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi. Onda pisse agajyny ösdürip ýetişdirmekde dökünleri ulanmak, pisseçilik hakynda çykyşlar diňlendi. Hünärmen Ýagmyr Jumaliýew ýurdumyzda pisseçiligiň alnyp barlyşy, pisse agajynyň ösdürip ýetişdirilişi barada gürrüň berdi.
Hünärmeniň bellemegine görä, pisseçilik geljegi uly pudak bolup, ony ösdürmek ýurdumyzda durnukly azyk bolçulygyny döretmäge, galyberse-de, Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işleri üstünlikli durmuşa geçirmäge uly ýardam berýär. Pisse agajyny sapmak, kesmek, dökünlemek ýaly ideg işleri yzygiderli we dogry geçirilip durlanda, wagtyndan ir hasyl almak bolýar. Pissäniň adam saglygy üçin hem peýdasy juda uludyr. Ol adamyň uky gormonyna täsir edip, işjeňligini, bölünip çykarylyşyny kadalaşdyrýar. Şeýle-de, pisseden ýokary hilli iýmitlik ýag alynýar.
Hünärmeniň aýtmagyna görä, pisse agajy ösdürilip ýetişdirilende dökünlemek işleri kadaly ýagdaýda geçirilip durulmaly. Biziň ýurdumyzda ösümliklerden goşmaça hasylyň 50 %-den gowragyny dökünleri ulanmagyň hasabyna alyp bolýar. Suwarymly ekerançylykda dökünler ekinleriň hasyllylygyny 2-3 esse we ondan hem artyk ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär.
Demir pisse agajynyň ösüşinde zerur bolan elementleriň biri bolup, ol fermentleriň işjeň toparyny emele getirýär. Ösümliklerde fosfor ýeterlik mukdarda saklananda, hasyl synalarynyň emele gelşi we hasylyň ýetişişi tizleşýär. Azot 1-3 ýyllyk pisse agajyna ýylda 5 gezek berlip, ol agajyň kadaly boý alşyna, durnuklylygyna, kök ulgamynyň gurplanmagyna kömek edýär. Pisse agajynyň ýaşaýşynda organiki dökünler hem örän uly orun tutýar. 
Ylmy-tejribe duşuşygynyň dowamynda pisse agajyny ösdürip ýetişdirmek boýunça sorag-jogap alşyldy.

Muhammetgylyç ÝAKUBOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersiteteiniň miwe-gök
önümlerini gaýtadan işlemek 
hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm