ÝAŞULULARYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ÝAŞULY PROFESSOR-MUGALLYMLAR GUTLANYLDY

929
1-nji oktýabr — Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýaşuly professor-mugallymlaryny gutlaýyş çäresi geçirildi. Onda uniwersitetiň rektory Allaberdi Gapurow halypa mugallymlara gutlag sözi bilen çykyş etdi. Olara berk jan saglyk, aramyzda mekdep bolup uzak ýaşamaklary, alyp barýan asylly işlerinde geljekde-de uly üstünlikler arzuw edildi.
Nygtalyşy ýaly, her ýylyň 1-nji oktýabrynda bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni halkymyzyň ýaşululyk sarpasynyň näderejede belentdigini görkezýän şanly seneleriň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaşulularyň sarpasy belent tutulýar.
Ýaşuly halypa mugallymlarymyz ýaşlara bilim-terbiýe berip, aramyzda mekdep bolup ýaşaýarlar. Ýaşuly nesliň wekilleri ýaşlaryň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar. Olar türkmen jemgyýetinde milli edim-gylymlarymyz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz dogrusynda ýaşlar bilen ýygy-ýygydan gürrüňdeşlikleri geçirýärler.
Golaýda — 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem ýurdumyzda ýaşulularymyza goýulýan sarpanyň näderejede belentdigini görkezdi.
Dabaraly çärede ýaşuly professor-mugallymlara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. «Geçmişi, şu güni we geljegi baglanyşdyrýan, her bir şahsyýeti adamkärçilige, päk ahlaklylyga ugrukdyrýan, maşgala agzybirligini pugtalandyrýan, manyly ömür menzilleri, öwüt-ündewleri bilen bizi belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan ýaşuly nesilleriň mertebesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende göterilýär» diýip belleýän hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden alkyşlar aýdyldy.

Aýlar  ANNAGURBANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba 
hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy 
fakultetiniň senagat balykçylygy taýýarlyk 
ugrunyň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52