ÖNÜMÇILIGI HALKARA HIL STANDARTLARYNA LAÝYKLYKDA GURNAMAK HAKYNDA YLMY-TEJRIBE DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

781
23-nji sentýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyplaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň we beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň temasy Global G.A.P — bütindünýä oba hojalyk önümleriniň hil standartyny sertifikatlaşdyrmak üçin talaplary kesgitleýän gurama hakynda boldy. Bu ylmy-tejribe duşuşygynda «Standart Hyzmat» kärhanasynyň direktory Aýgül Orazowa çykyş etdi.
Hünärmen oba hojalyk önümleriniň hiline, önümçilik şertlerine baha berýän abraýly halkara standart bolan Global G.A.P barada gürrüň berdi. Bu standart öň «EurepGAP» diýip atlandyrylyp, ol ilkinji gezek 2003-nji ýylda Ýewropada sertifikatlaşdyrma geçirýär. Şondan soň bu standart birnäçe ýylyň dowamynda bütin dünýä ýaýrap, halkara derejä ýetýär we 2007-nji ýylda ady «Global G.A.P» diýip üýtgedilýär. Bu haryt nyşany Germaniýanyň Köln şäherinde ýerleşýän «FoodPLUS GmbH» kompaniýasyna degişlidir.
Global G.A.P oba hojalyk önümleriniň howpsuzlygyny, bu ugurda işleýän adamlaryň saglygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak boýunça standartlaryň ulgamydyr. Bu standartyň esasy maksady halkara derejedäki ösen önümçilik tejribeleri esasynda oba hojalygy ýöredip, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümlerini almakdyr. Global G.A.P kepillendirýän bütindünýä standarty bolup, häzirki wagta 136 ýurtdan jemi 210000-den gowrak kärhana onuň sertifikatyna eýedir. Ýurdumyzda «Ýigit» hojalyk jemgyýeti bu sertifikaty almagy başaran ilkinji kärhanalaryň biridir. 
Ylmy-tejribe duşuşygynyň dowamynda hünärmen oba hojalyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň bu halkara sertifikata eýe bolmagy üçin ýerine ýetirilmeli işler we şertler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem häzirki wagta güneşli Diýarymyzda birnäçe kärhanada bu sertifikaty almak makady bilen degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Ylmy-tejribe duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şular ýaly ajap eýýamy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza we peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny belent sepgitlere ýetiren Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýakub ESENOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 
miwe-gök önümleri gaýtadan işlemek hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52