«GARAŞSYZLYK — BERKARARLYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
5602023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Garaşsyzlyk — berkararlygyň we bagtyýarlygyň gözbaşy» atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen maslahatyň işi «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr», «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň buýsanjydyr», «Ylym — ähli ösüşleriň guraly», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy we takyk ylymlaryň orny», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasy» durmuşa geçirilýär» atly 5 bölümde dowam etdi.
Olarda Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, şol sanda oba hojalygynyň ösüşi, azyk garaşsyzlygynyň döwlet özygtyýarlylygynyň şertidigi, halkyň eşretli durmuşynyň binýady bolan Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hakynda çykyşlar diňlendi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda öňe süren başlangyçlary, Gahryman Arkadagymyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanmagynyň beýik işleriniň ykrarnamasydygy hakynda buýsançly gürrüň edildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki başlangyçlary, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bellenýän şu ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary hakynda aýdyldy. Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda gazanýan üstünlikleri beýan edildi.
Professor-mugallymlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagyndaky Garaşsyzlygyň binýady hakynda garaýyşlaryny wagyz etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabyndaky geljegi nazarlaýan pelsepewi pikirlerini mysal getirdiler. Milli Liderimiziň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» kitabyndaky terbiýäniň on iki görnüşi, Garaşsyzlyk we türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri hakynda aýdanlary maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Geljek ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy bellenjek Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky arzuwlary we onuň wysaly, paýtagtymyzdaky, döwlet ähmiýetli Arkadag şäherindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky ösüşler birin-birin sanaldy.
«Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelere esaslanýan döwlet syýasatynyň many-mazmuny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halk häkimiýetliliginiň nusgasydygy hakynda çykyşlar maslahatyň ähmiýetini artdyrdy.
Garaşsyzlyk nesli bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar, Garaşsyzlyk ýyllarynda sanly ykdysadyýetiň, hünär biliminiň ösüşi, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň we beýleki iri desgalaryň gurluşyklary ýaly Garaşsyzlygyň miweleri hakynda nygtaldy.
Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň, maldarçylygyň, dokma senagatynyň, suwy tygşytlamagyň öňdebaryjy tehnologiýalary, daşky gurşawy goramak hakynda ylmy pikir alyşmalar boldy.
Maýsa ATAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar
lukmançylygy fakultetiniň zootehniýa
taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.