GÖWÜNLERI GALKYNDYRAN BAÝRAMÇYLYK DABARASY
698Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk — buýsanjym» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu baýramçylyk çäresine ýokary okuw mekdebimiziň 1-nji ýyl talyplary we mugallymlary gatnaşdylar.
Aýdym-sazly dabarada täsirli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Talyp ýaşlar ýürek buýsanjyny eziz Watanymyzy, beýik Garaşsyzlygymyzy wasp edýän şirin şygyrlar bilen beýan etdiler. Uniwersitetimiziň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň talyplarynyň ýerine ýetiren ajaýyp aýdymdyr tanslary konsertiň şowhunyny has-da artdyrdy. Baýramçylyk joşgunyna beslenen edebi-sazly kompozisiýa hemmelerde uly täsir galdyrdy. Ýerine ýetirilen çykyşlar dabara gatnaşanlaryň göwnüni göterip, erkana Diýarymyza, ajaýyp durmuşymyza bolan buýsanjyny goşalandyrdy.
Şowhunly geçen çäräniň dowamynda Garaşsyzlygyň batly gadamlary bilen barha öňe barýan ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän, türkmen medeniýetini dünýä ýaýýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
Näzik AMANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
weterinar lukmançylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.