TALYP ÝAŞLARYMYZYŇ DÖREDIJILIK ÜSTÜNLIKLERI
664Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, milli gymmatlyklarymyza sarpa goýýan ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda birnäçe bäsleşikler yzygiderli geçirilip durulýar. Şeýle bäsleşiklere S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiziň zehinli talyplary hem işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýarlar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde yglan etmeginde, ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçirilen «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginde «Arkadag şäheri — ýaşlaryň şäheri» atly makalasy bilen uniwersitetimiziň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Resul Amangulyýew žurnalyň altynjy sanynyň ýeňijisi boldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan etmeginde, 2024-nji ýylda halkara derejede giňden bellenjek Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini açyp görkezmek, onuň ylahy, şahyrana dünýäsine ýaşlaryň ünsüni çekmek maksady bilen, «Ilimiz ulaşdy sowulmaz ýaza» atly döredijilik bäsleşiginde uniwersitetimiziň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Nury Sakçyýew I orna mynasyp boldy. Şeýle-de, ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan sport» halkara žurnalynyň redaksiýalarynyň bilelikde yglan etmeginde, sebitimiziň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli, onuň aýratynlygyny, gözelligini, ýeten belent derejesini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen geçirilen «Gözellikdir Arkadagyň şäheri, nesillere eçilip dur bahary» atly döredijilik bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, I orny eýeledi.
Biz hem talyplarymyzy gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Okamaga, döredijilik äleminde belent sepgitlere ýetmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Nurlyýew Atajan,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň Dänäni gaýtadan işlemek hünäriniň 4-nji ýyl talyby