WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY TÄSIRLI BOLDY

421
11-nji sentýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ol talyp ýaşlaryň arasynda kanun bozulmalaryň öňüni almak, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen guraldy.
Duşuşykda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Içeri işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Agrar partiýasynyň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň çykyşlary diňlendi.
Çykyşlarda bellenişi ýaly, döwlet Baştutanymyz «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy ýokary derejede geçirmek boýunça ähli çäreleriň, aýratyn-da, paýtagtymyzda we welaýatlarda ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak, ýolagçylaryň, sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary barada habarlylygyny ýokarlandyrmak babatdaky çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Biraýlyk ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyk gelýär. Onuň çägindäki çärelerde Türkmenistanda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olaryň netijeleriniň agyrlygyny peseltmek maksatlary bilen döwlet edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we beýleki ýuridik şahslaryň, şeýle hem fiziki şahslaryň işi utgaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bilim ojaklarynda, şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde meýilnamalaýyn çärelere giň gerim berilýär. Olaryň esasy maksady ýol hereketine gatnaşyjylaryň ählisiniň uly jogapkärçilik çekýändigini ündemekden ybaratdyr. 
Duşuşykda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenen kadalar hakynda-da gürrüň edildi. Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň derejesi ýol hereketine gatnaşyjylaryň ýol-ulag hadysalaryndan we olaryň netijelerinden goraglylygyna baglydyr. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň sebäpleriniň öňüniň alynmagyna, olaryň netijeleriniň agyrlygynyň peseldilmegine gönükdirilen işler giň gerimde ýerine ýetirilýär. 
Ýol hereketine gatnaşýan adamlaryň janynyň we saglygynyň hojalyk işiniň ykdysady netijelerinden ileri tutulmagy; ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin döwletiň jogapkärçiliginiň ýol hereketine gatnaşýan adamlaryň jogapkärçiliginden ileri tutulmagy; ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde raýatlaryň, jemgyýetiň we döwletiň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegi; ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işe ýörite-maksatnamalaýyn çemeleşilmegi ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ýörelgeleridir.
 
Myratgeldi ÇARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň 
weterinar lukmançylygy fakultetiniň 
maldarçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52