Ders bäsleşikleri geçirilýär
1245Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça ders bäsleşigini gurnamak we geçirmek hakynda
DÜZGÜNNAMA
Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, talyp ýaşlaryň bilimini has-da çuňlaşdyrmak, olarda bilime we ylma bolan höwesi artdyrmak, özbaşdak işlemek ukyplaryny ösdürmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 19-23-i aralygynda Matematika, Fizika, Informatika, Materiallaryň garşylygy, Inžener grafikasy derslerinden ders bäsleşigini geçirmek boýunça şu düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
1. Umumy düzgünler
Şu düzgünnama ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Matematika, Fizika, Informatika, Materiallaryň garşylygy, Inžener grafikasy derslerinden ders bäsleşigini (mundan beýläk – bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan we uly depginler bilen ösýän döwründe esasy mesele hökmünde Watana, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly, ýiti zehinli we başarjaň, özbaşdak işlemäge ukyply ýaşlary, ussat hünärmenleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Olimpiadanyň maksady we wezipeleri:
a) Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek;
b) Ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy-amaly pikir alyşmalaryny guramak;
c) Talyplara özbaşdak pikirlenmegi we işlemegi, ylmy meselelerden baş alyp çykmaklygy öwretmek;
d) Talyplaryň döredijilik ukyp başarnygyny, ylmy gözleglere we hünärine bolan höwesini artdyrmak;
e) Aýratyn zehinli ýaşlary goldamak üçin gerekli şertleri döretmek, ýaşlaryň arasynda ylym-bilimi ýaýratmak we öňe sürmek;
f) Ýaşlary mundan beýläk-de bilimini kämilleşdirmeklige ruhlandyrmak;
g) Häzirki döwürde ylmyň we tehnikanyň ösmegi bilen ýüze çykýan meseleleri çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek.
2. Olimpiadanyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
Guramaçylyk topary:
a) Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;
b) Bäsleşigi geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlaýar;
c) Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen bäsleşigiň meselelerini işläp taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar.
3. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi
3.1 Bäsleşik ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň talyplary gatnaşyp biler.
3.2 Bäsleşigiň resmi iş dili – türkmen dilidir.
3.3 Bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden her dersden 5 talyp gatnaşyp biler.
3.4 Bäsleşigiň eminler toparynyň düzümine her ýokary okuw mekdebinden bir ýolbaşçy mugallym girýär.
3.5 Bäsleşige gatnaşmak isleýän ýokary okuw jaýy talyplarynyň sanawyny aşakdaky nusga laýyklykda 2023-nji ýylyň 16-njy sentýabryna çenli tm.tau.2022@gmail.com elektron salga ugratmaly.
3.6 Bäsleşik şahsy bäsleşik görnüşde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynda geçiriler.
3.5.1 Matematika dersinden bäsleşik 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 19-yna sagat 10:00-da başlaýar:
a) bäsleşikde beriljek ýumuşlar guramaçylyk topary tarapyndan taýýarlanylyp, ýokary matematikanyň çyzykly algebra, analitiki geometriýa, funksiýanyň predeli, önümiň ulanylyşy, kesgitsiz integral, differensial deňlemeler, ähtimallyklar nazaryýeti bölümlerine degişli jemi 7 mesele hödürlener;
b) bäsleşikde berlen ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin 4 sagat wagt berler.
3.5.2 Fizika dersinden bäsleşik 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 20-sine sagat 10:00-da başlaýar:
a) bäsleşikde beriljek ýumuşlar guramaçylyk topary tarapyndan taýýarlanylyp, fizikanyň mehanika, molekulýar fizika we termodinamika, elektrostatika, magnit meýdany we optika bölümlerine degişli jemi 5 mesele hödürlener;
b) bäsleşikde berlen ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin 4 sagat wagt berler.
3.5.3 Informatika dersinden bäsleşik 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 21-ine sagat 10:00-da başlaýar:
a) bäsleşikde beriljek ýumuşlar guramaçylyk topary tarapyndan taýýarlanylýar we eminler topary tarapyndan bije çekilip saýlanylar;
b) bäsleşikde beriljek ýumuşlar informatikanyň bitin sanlar, hasaplaýyş ulgamy, massiwleri we faýllary tertipleşdirmek, köplükler, matrisalar, tötänleýin sanlar, setir ululyklar, kalendar, kriptografiýa, san yzygiderlikleriniň üstünde amallar bölümlerine degişli bolup, jemi 10 mesele hödürlener;
c) ýumuşlary gatnaşyjy kompýuterde programmirlemegiň dürli dillerini (“PYTHON” programmirleme dilinden başga) ulanmak arkaly işleýär;
d) bäsleşikde ýerine ýetirilen her ýumuş 5 sany barlag testinden geçiriler we her alnan dogry jogap üçin 1 ball hasap ediler;
e) bäsleşikde berlen ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin 4 sagat wagt berler.
3.5.4 Materiallaryň garşylygy dersinden bäsleşik 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 22-sine sagat 10:00-da başlaýar:
a) bäsleşikde beriljek ýumuşlar guramaçylyk topary tarapyndan taýýarlanylyp, materiallaryň garşylygynyň süýnme we gysylma, dartgynlykly ýagdaýlar, towlanma, balkalaryň kesiginiň geometriki häsiýetnamalary, egmede dartgynlyk, egmede orun üýtgetme, çylşyrymly garşylyk bölümlerine degişli jemi 8 mesele hödürlener;
b) bäsleşikde berlen ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin 4 sagat wagt berler.
3.5.5 Inžener grafikasy dersinden bäsleşik 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 23-ine sagat 10:00-da başlaýar:
a) bäsleşikde beriljek ýumuşlar guramaçylyk topary tarapyndan taýýarlanylýar we eminler topary tarapyndan bije çekilip bir ýumuş saýlanylýar;
b) ýumuşy elde ýerine ýetirilmeli;
c) berlen şaýyň üç proýeksiýasynda we aksionametriýasynda içki gurluşyny gökezmek üçin gerekli ýaryklary ýerine ýetirmeli we şaýyň kesigini gurmaly;
d) şaýyň üç proýeksiýasynda gerekli ölçeglerini görkezmeli;
e) bäsleşikde berlen ýumuşy ýerine ýetirmek üçin 4 sagat wagt berler.
3.7 Bäsleşige gatnaşýan talyp ýumuşlary özbaşdak ýerine ýetirmeli. Bäsleşik geçýän wagty gatnaşyjylara gapdalyndaky ýoldaşy bilen gürleşmäge, öýjükli telefonlardan we beýleki habar beriş serişdelerinden peýdalanmaga rugsat berilmeýär. Şu düzgüni bozan talyp bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.
3.8 Talyp ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda degişli soraglary bilen bäsleşigiň guramaçylyk toparyna ýüz tutup biler.
3.9 Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.
4. Olimpiadanyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
4.1 Bäsleşigiň netijesi toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenýär.
4.2 Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
4.3 Bäsleşigiň ýeňijileri: 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.
4.4 Ýeňijileriň umumy sany gatnaşyjylaryň 50 % - den geçmeli däl we ýerler 1:2:3 gatnaşykda bolmaly.
Habarlaşmak üçin tel.: +99365633644, el.poçta: tm.tau.2022@gmail.com
Olimpiadanyň guramaçylyk topary.