Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ynsan ömrüniň rahatlygy
471Sentýabr aýynda ýurdumyzda, däp bolşy ýaly, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk guramaçylykly geçirilýär. Bu biraýlyk raýatlarymyzyň howpsuz, rahat durmuşda ýaşamaklaryny üpjün etmäge, şeýle hem ýol hereketiniň kadalaryna berk eýermegi wagyz etmäge gönükdirilendir.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy we saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri çykyş etdiler. Olar talyp ýaşlara ýol hereketine gatnaşyjylaryň jogapkärçiligini giňişleýin düşündirdiler. Çykyşlarda ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmek, herekete gatnaşýanlar bilen bir hatarda özüňi medeniýetli alyp barmak hakynda giňişleýin düşündirildi.
Şular ýaly maslahatlary, duşuşyklary hem-de wagyz-nesihat çärelerini geljekde hem dowam etmek meýilleşdirilýär.
Wagyz-nesihat çäresinde raýatlaryň saglygy, abadançylygy we ýollarymyzyň howpsuzlygy ugrunda uly tagalla edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işlerinde hemişe rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.
Mähri BABANAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy.