Uniwersitetimizde talyplaryň arasynda geçirilen akyl giňişligi bäsleşiginiň jemi jemlendi
607Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan beýik maksatly, geljegi uly, düýpli işlerde ýaşlarymyza mynasyp ornuň berilmegi, ýurdumyzda ýagty geljegi gurujy ähli babatda kämil, bagtyýar ýaşlaryň kemala gelýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň bu alyp barýan adyl syýasatyndan ruhlanýan türkmen ýaşlarymyz ylymda-bilimde, tehnologiýada özleriniň ukyp-başarnyklaryny ýokary derejede görkezýärler.
Talyp ýaşlarymyzyň ylymda zehin-başarnyklaryny, ugurtapyjylygyny ýüze çykarmak we kämilleşdirmek maksady bilen ýakynda uniwersitetimiziň fakultetleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Akyl giňişligi” bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň ilkinji tapgyrynda uniwersitetimiziň fakultetleri bije esasynda iki topara bölünip, özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň şertine laýyklykda öz toparlarynda bäsdeşlerinden üstün çykyp, ýeňiji bolan iki sany topar indiki tapgyrda beýleki toparyň ýeňijileri bilen güýç synanyşdylar. Soňra ikinji tapgyrda üstün çykan Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek we Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň talyplary jemleýji tapgyrda bäsleşdiler. Jemleýji tapgyrda toparlar ylmyň dürli ugurlary boýunça akyl-paýhas soraglaryna dürs jogap berdiler. Talyplaryň berlen soraglara ugurtapyjylyk bilen jogap bermekleri, olaryň giň dünýägaraýyşly, başarjaň bolup ýetişýändigini görkezdi. Çekeleşikli geçen bäsleşikde Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň talyplary has-da tapawutlanyp ýeňiji bolmagy başardy. Ýeňiji bolan talyplar toparyna uniwersitetiň rektorlygynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar we bäsleşigiň göçme kubogy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Gyzylgül Paltaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Tikin önümçiligi kafedrasynyň müdiri