Uniwersitetimizde geçirilen dabara hakyky baýramçylyk joşgunyna beslendi

750
Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň hatarynda türkmen halkymyzyň milli mirasyny ylmy esasda öwrenmeklik, milli maddy we maddy däl gymmatlyklarymyzy sarpalamaklyk we olaryň at-abraýyny dünýä ýaýmaklyk wajyp işleriň biri bolup durýar. Bu günki gün milli medeniýetimiziň, medeni mirasymyzyň arşa göterilmegi her bir türkmeniň kalbyny joşa getirýär.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen 2023-nji  ýylymyzyň taryhy wakalara, şanly senelere beslenmegi netijesinde her bir bellenilýän baýramçylyk dabarasy ýokary ruhubelentlige beslenýär. Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli ýurdumyzda giňden bellenilýän medeniýet hepdeliginiň çäklerinde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda  bu ýere gelen myhmanlar üçin ýörite sergi gurnalyp, onda halkymyzyň milli maddy we medeni gymmatlyklarymyz bolan şaý-seplerimiz, türkmeniň ak öýi, milli egin-eşiklerimiz, dutarçylyk senedi, halyçylyk sungatymyz we beýleki gymmatlyklarymyz ýaýbaňlandyryldy. Soňra dabara uniwersitetimiziň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň ýerine ýetirmeklerinde baýramçylyk konserdi bilen dowam etdi. Konsertde talyp ýaşlarymyzyň ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlary, ajaýyp tanslary hem-de şygyrlary bu ýere gelenleriň kalplaryny joşa getirdi. Talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgulary we olaryň esasynda ýerine ýetirilen edebi-sazly kompozisiýa dabara özboluşly öwüşgün çaýdy. Açyk asmanyň astynda guralan baýramçylyk dabarasynyň dowamynda ata-watanymyza, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi. Munuň özi bolsa, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. 
Mähri Gurbanowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52