Dabaraly maslahat geçirildi
734Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ,,Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ata-babalarymyzdan gelýän haýyr-sahawatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerimize uly sarpa goýulýar. Bu gymmatly ýörelgelerimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda yzygiderli durmuşa geçirilip durulýar.
Häzirki wagtda ýaş nesil baradaky alada döwletimiziň we jemgyýetimiziň ileri tutýan wezipesine öwrüldi. Muňa ýakynda halkymyza gowşan ,,Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy” atly täze kitap hem şaýatlyk edýär.
Şu maksat bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde ,,Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy” atly kitabyň halkymyza peşgeş berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş eden mugallymlar bu täze kitapda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen gaznanyň işi barada giňişleýin gürrüň berilýändigini nygtap geçdiler. Dabaraly maslahatda çykyş edenler ynsanperwerlik hem-de haýyr-sahawatlylyk ýörelgelerini bütin dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýaş nesilleriň asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryna döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin köp sagbolsunlaryny aýtdylar.
Nury Sakçyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 2-nji ýyl talyby