Uniwersitetimizde ýurdumyzyň dürli şertlerinde pisse agajyny ösdürip ýetişdirmek boýunça ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi
729Ata watanymyzyň keremli topragyndan bol hasyl almaklyk ilkinji nobatda ony ylmy esasda öwrenmekligi talap edýär. Şol sebäpli häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzda oba hojalygymyzyň dürli ugurlarynda ylmy-barlag işleriniň üstünlikli geçirilmegi azyk bolçulygynyň berk binýadynyň esasyny düzýär. Her bir alnyp barylýan işde oňyn netije gazanmak, geljegimiziň has-da röwşen boljagyny kepillendirýär.
Bu günki gün ýylyň islendik paslynda bazarlarmyz ýerli azyk önümlerimiz bilen bolelin üpjün edilýär. Şol önümleriň arasynda pisse, badam, hoz ýaly önümler aýratyn lezzete eýe bolup durýar. Güneşli diýarymyzda pisse agajy tebigy şertlerde giňden ýaýrap, eýýäm onlarça ýyl bäri olary medenileşdirmek ugrunda ylmy-barlag işleri yzygiderli alnyp barylýar. Bu babatynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde ylmy-tejribe duşuşygy geçirilip, onda pisse agajyny ýurdumyzyň dürli şertlerinde ýetişdirmek we ondan bol hasyl almak boýunça tejribe alşyldy. Ylmy-tejribe duşuşygynda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, “Altyn jüýje” hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Ýagmyr Jumalyýew çykyş etdi. Öz çykyşynda ol pisse agajynyň watanymyzda, has takygy Bathyz belentliklerinde döräp, soňra beýleki ýurtlara ýaýrandygyny belläp geçdi. Dürli howa şertlerine, suwsyzlyga çydamly pisse agajynyň kökleri 30-40 metre, boýy 5-7 metre ýetýändigini, tebigy ýagdaýda 900 ýyla çenli ýaşamaga ukyplydygyny, bir agaç ortaça 1.5-2 kg çenli hasyl berýändigini aýtdy. Şeýle-de tejribeli hünärmen pisse agajynyň tohumdan köpeldilip, 2,5 ýylda sapym işleriniň geçirilmelidigini, 4 ýyla çenli bolsa dürli dökünleri bermek we ideg etmeklik arkaly gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi.
Tejribeli hünärmen Ýagmyr Jumalyýewiň çykyşyndan soňra duşuşyga gatnaşyjylar daglyk, tokaý we çöl şertlerinde pisse agajyny ýetişdirmek we hasyl almak boýunça özara pikir alyşdylar. Pisse agajynyň ekilmezinden öň ýeriň geologiki, geomorfologiki, gidrogeologiki ýagdaýynyň ylmy esasda öwrenilmeginiň, ekiş wagty her agajyň arasynyň 6-8 metr aralygynda bolmagynyň zerurdygyny bellediler. Mundan başga-da medeni şertlerde gowy kemala gelen pisse agajynyň her birinden 16-20 kg çenli hasyl alyp bolýandygyny, diňe bir hasylynyň däl-de eýsem, pisse agajynyň ýapragynyň we şiresiniň senagatda ähmiýetlidigini nygtadylar. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar täsirli çykyşy üçin Ýagmyr Jumalyýewe minnetdarlyk bildirip, indiki ylmy-tejribe duşuşygynyň dürli süýji önümlerini öndürmek boýunça geçirilmegini teklip berdiler.
Aýsoltan Aşyrowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
4-nji ýyl talyby