Uniwersitetimizde däneçilik boýunça ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi

661
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde oba hojalyk pudagynda gazanylýan üstünlikler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň has-da ýokary derejelere ýetýändigini alamatlandyrýar. Bu ugurda ekerançylyk pudagynda strategiki ekinleriň, has takygy bugdaý we şaly ýaly däneli ekinleriň bol hasylyny almakda täzeçil ekologiki taýdan amatly usullar peýdalanylýar. Däneçilikde ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryň netijesinde ene toprakdan alynýan bol hasyl ýurdumyzyň hususy kärhanalarynda işlenilip, ýokary hilli önümler içerki bazarlarymyzyň berekedini artdyrýar. 
Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde däneçilik boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler, ilkinji nobatda bu ekinleriň görnüşini artdyrmaklyga hem-de ekologiýa taýdan arassa önümleri almaklyga gönükdirilendir. Şu maksat bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýurdumyzyň bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriniň, telekeçileriň, professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ilki bilen Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, “Sabyrly söwda” hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni, telekeçi Täçmuhammet Agamyradow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda däneli ekinleri gaýtadan işlemek boýunça, alnyp barylýan işler hakynda gürrüň berdi. Hünärmeniň aýtmagyna görä hojalyk jemgyýetinde şaly, nohut, mäş, noýba ýaly däneli ekinler gaýtadan işlenilip, gaplanylan görnüşde önümler öndürilýär. Şeýle-de bu önümleriň daşary ýurtlara hem eksport edilýändigini geljekde, kärhananyň önümçilik kuwwatynyň has hem artdyryljakdygyny belledi. 
Soňra ylmy-tejribe duşuşygyny uniwersitetimiziň Ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy Ýagmyr Orazow dowam etdi. Ol öz çykyşynda däneli ekinleriň biologiki ähmiýeti, himiki düzümi, olaryň görnüşleri we ösdürilip ýetişdirilişi hakynda gürrüň berdi. Mugallymyň bellemegine görä, ýurdumyzyň klimat-howa şertleriniň däneli ekinleri ösdürip ýetişdirmeklik üçin amatlydygyny, bu ekinleri ösdürilip ýetişdirmekde häzirki wagtda täzeçil agrotehniki usullaryň ulanylýandygyny aýratyn belledi. 
Ylmy-tejribe duşuşygynyň soňunda uniwersitetimiziň Umumy himiýa kafedrasynyň mugallymy Kadyr Amanow çykyş etdi. Ýaş mugallym öz çykyşynda däneli ekinleri ösdürip ýetişdirmekde mineral dökünler bilen bir hatarda organiki dökünleriň ähmiýeti dogrusynda durup geçdi. Ol organiki dökünleriň ekologiki taýdan arassa önümleri öndürmekde, mundan başga-da topragy baýlaşdyrmakda  örän wajypdygyny belläp geçdi. 
Çykyşlar tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylar däneli ekinler hakynda özara pikir alyşdylar. Ylmy-tejribe duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirilip, indiki duşuşygyň ýurdumyzda konditer önümlerini öndürmeklik boýunça geçirilmegini teklip berdiler. 
Kakabaý Kakabaýew,
Uniwersitetimiziň kinologiýa taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm