Hünär bäsleşigindäki üstünlik

825
Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilen «El hünäriň ýörelge, ulus-ile görelde» atly hünär bäsleşigi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň öňde, erjel talyp gyzlary gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar saýlap alan hünärini wasp etmek, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerini (basma, keşde, gaýma gaýamak, kürte, don, tahýa tikmek, alaja örmek we ş.m.) ýerine ýetirmek, halk döredijiliginiň gelin-gyzlara mahsus şahyrana eserlerini çeper beýan etmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşikde ýerine ýetirilen çykyşlaryň ussatlyk bilen görkezilmegi talyp gyzlarymyzyň ýokary derejede taýýarlanandyklaryny görkezdi.
Çekeleşikli we şowhunly geçen bäsleşikde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäher agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Akpamyk Garlyýewa bäsleşige gatnaşan talyp gyz deň-duşlaryndan saýlanyp, 2-nji orna mynasyp boldy.
Aýratyn bellemeli zatlaryň biri, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiz bu bäsleşigiň guramaçylyk işlerine işjeň gatnaşandygy üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Minnetdarlyk haty bilen sylaglandy. 
Hydyrowa Ogulbaýram,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Atçylyk taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52