Ylmy-tejribe duşuşygymyz gök ekerançylygynda halkara tejribeler hakynda

568
Ýurdumyzyň oba hojalygynyň ekerançylyk pudagynda gazanylýan ýokary netijeler halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Bu bolsa ekerançylyk pudagyna halkara tejribeleriň ornaşdyrylyp, öndürilýän önümlerden ekologiýa taýdan arassa, bol hasylyň alynmagynda daýhanlarymyzyň we oba hojalyk hünärmenleriniň yhlasly zähmetini hem-de hünär ussatlygyny talap edýär. Şu maksat bilen hünärmenlerimiziň daşary ýurtlara amala aşyrýan iş saparlary özüniň oňyn netijelerini berýär.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde hepdäniň şenbe güni geçirilen ylmy-tejribe duşuşygymyzyň bu gezegi gök ekerançylygynda halkara tejribeler hakynda geçirildi. Onda duşuşyga gatnaşyjylar ýaňy ýakynda ýurdumyzyň ekerançylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler, telekeçiler we ekerançylaryň Özbegistan Respublikasyna oba hojalygynda toplanýan tejribeleri ýurdumyza ornaşdyrmakda iş saparlary boýunça çykyş etdiler. Ilki bilen duşuşykda türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Aýnazar Gulmyradow çykyş edip, ol gök ekerançylykda sogan, käşir, kelem ýaly ösümlikleriň ekilişiniň täzeçil usullary hakynda gürrüň berdi. Tejribeli hünärmen bu ekinleri ilki belli bir çäkde ekiş işleri geçirilip, soňra gögeriş gazanylandan soň olaryň ekin meýdanlaryna oturdylmagynyň aýratynlyklary hakynda gürrüň berdi. Bu usulyň diňe bir ýokary hasyl bermekde däl-de, eýsem tohumy, sarp edilýän suwy, mineral dökünleri tygşytlap, ekologiýa taýdan arassa ekinleriň ýetişdirilmeginde örän amatlydygyny aýratyn belläp geçdi. Şeýle-de bu usulyň ýene bir amatly tarapy haşal otlara, dürli zyýankeşlere we kesellere garşy ulanylýan himiki serişdeleriň berilmeli mukdarynyň azaldylyp, täsiriniň ýokarlanmagyna oňyn ýardam edýändigini aýtdy. 
Soňra ylmy-tejribe duşuşygynda oňa gatnaşyjylar gök ekerançylygynda ulanylýan bu täzeçil usul hakynda özleriniň pikirlerini paýlaşdylar. Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenlere minnetdarlyk bildirilip, indiki ylmy-tejribe duşuşygyň ýurdumyzda däneçilik boýunça alnyp barylýan işler hakynda geçirilmegini teklip berdiler. 
Hydyrowa Gülbahar,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Tikin önümçiligi kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm