Uniwersitetimizde «Magtymguly Pyragy— akyl gämisi» atly çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi
750Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri, halkara ylmy-amaly maslahatlar, dürli döredijilik bäsleşikleri uly ruhubelentlik bilen geçirilýär. Bu bolsa beýik şahyra diňe bir ýurt derejesinde däl-de eýsem, halkara derejesinde hem goýulýan uly hormatyň nyşanydyr.
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiziň talyplarynyň arasynda «Magtymguly Pyragy — akyl gämisi» atly çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ýol kartasyna» laýyklykda guraldy.
Döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň şertlerine laýyklykda, uniwersitetimiziň talyplary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýatdan labyzly okadylar. Ýäsleşigiň emin-agzalary tarapyndan goşgynyň sözleriniň dogry aýdylyşyna, äheňine, ýerine ýetirijiniň sahnada özüni alyp barşyna baha berildi. Bäsleşige talyp ýaşlar işjeň gatnaşyp, olaryň hersi akyldar şahyryň şygyrlarynyň onlarçasyny ýatdan aýtdylar.
Bäsleşikde talyp deň-duşlarynyň arasyndan has tapawutlanyp, baş baýraga Atçylyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby Hüseýinmyrat Gurbanow, 1-nji orna Atçylyk taýýarlyk ugrunyň (bakalawr) 3-nji ýyl talyby Sahydursun Ýagşymyradowa, 2-nji orna Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Annaýarowa Gülnar, 3-nji orna Weterinar lukmançylygy hünäriniň 5-nji ýyl talyby Garragallyýewa Ogulbeg mynasyp boldy.
Ýeňijilere Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Gutly Goşaýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy