Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentligi bilen tejribe alşylýar
761Türkmen-Ýapon hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) bilen birnäçe taslamalary durmuşa geçirýärler. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Agentligiň başlangyjy bilen tanyşlyk saparlary hem guralýar. Şeýle saparlaryň biri 2022-nji ýylyň 1 — 16-njy dekabry aralygynda «Ýapon nusgasynda inženerçilik bilimi arkaly senagatda ýokary taýýarlykly adam maýasyny ösdürmek» ady bilen guraldy. Oňa Türkmenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan jemi 10 wekil, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Merdan Şammedow gatnaşdy.
Saparyň çäginde okuw maslahaty, sebitlere saparlar, ylym-bilim ojaklary bilen tanyşlyklar hem guraldy.
Okuw maslahatynda ýurdumyzyň bilim ulgamy we özgertmeleri, inžener hünärmenleriň taýýarlanyşy hakynda çykyş edildi. Ýaponiýaly professor-mugallymlar, alymlar talyplaryň diňe bir tejribelik döwründe däl, eýsem, okuwyň dowamynda hem ylmy-barlag institutlarynyň barlaghanalaryna, tehnoparklara, degişli kärhanalara baryp görýändikleri hakynda gürrüň berdiler. Ýapon ýokary okuw mekdepleri kärhanalar bilen ýygjam gatnaşyk saklaýarlar.
Saparyň barşynda milli bilim ulgamlaryna Ýaponiýanyň PDCA (Plan-Do-Check-Action) (Meýilnama — amal — barlag — düzediş) standartlaryny ornaşdyrmak, PBL (Problem Based Learning) (Mesele esasly okuw) bilim berlişi bilen tanyşmak, işjeň okuw usullaryny ornaşdyrmak, SciLets (Scientific Local and Environmental «Talented Staff») taslamalaryna gatnaşmak boýunça mümkinçilikler hakynda pikir alşyldy. Nygtalyşy ýaly, ýapon bilimi bilen birlikde, ýapon medeniýetiniň, şol sanda ikebana, origami sungatlarynyň, çaý medeniýetiniň wagyz edilmegine ähmiýet berilýär.
Okuw-tejribe saparynda Ýaponiýanyň Mie uniwersitetinde, Sudzuka lukmançylyk ylymlary uniwersitetinde, Sudzuka ýokary tehniki kollejinde (KOSEN), Nagoýa tehnologik institutynda inženerçilik bilim berlişi, Ýaponiýanyň inženerçilik bilimi boýunça akkreditasiýa geňeşi (JABEE), TLO (Technology Licensing Organizations) guramasy bilen tanşyldy. «Fujifilm Manufacturing Co.», «Uno Dzýuko» kompaniýalaryna, Mie prefekturasynyň Daşky gurşawy goramak agentligine, Mie uniwersitetiniň tejribehanalaryna barlyp görüldi. Wekillere inženerçilik bilimi boýunça maksatnamalar, «akylly» kampus» taslamasy bilen tanyşmak üçin mümkinçilik döredildi.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkara hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmakda döredilýän şeýle mümkinçilikler ýurdumyzyň halkara abraýyny barha artdyryp, hünärmenlerimiziň hem iş tejribesini kämilleşdirýär.
Dilfuza Orunowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Dokma önümçiligi fakultetiniň 4-nji ýyl talyby