Damjalaýyn suwarmak-suwy tygşytly ulanmak
1215Häzirki wagtda ýer ýüzünde agyz suwuny tygşytly ulanmaklyk adamzadyň geljegi üçin iň wajyp meseleleriň biri bolmagynda galýar. Bu bolsa senagatda, halk hojalygynda we oba hojalygynda ony tygşytlamak boýunça täze usullaryň oýlanylyp tapylmagyna getirýär.
Ýurdumyzda ekerançylyk bilen meşgullanýan her bir hünärmen üçin ekin ýerlerini suwarmaklyk iň bir jogapkärli çäreleriň biridir. Bu ýerde her bir kärendeçi ekini suw bilen üpjün etmek hem-de suwy tygşytlamagyň iň amatly çäresini işläp düzmeli bolýar. Öňler ýurdumyzda esasan ekin meýdanlaryny joýalaýyn suwarmaklyk amala aşyrylýardy. Emma soňky ýyllarda ylmyň we tehnologiýanyň batly gadamlar bilen ösýän döwründe ýurdumyzda köp ekin ýerleri damjalaýyn suwarmaklyk usuly peýdalanylýar. Uniwersitetimizde däbe öwrülen her hepdäniň şenbe güni geçirilýän ylmy-tejribe duşuşygymyz bu gezek maslahat miweli baglary damjalaýyn suwarmaklyga bagyşlandy.
Ylmy-tejribe duşuşygymyzyň başyny Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Türkmen senagat” hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Ýagmyr Jumagulyýew başlady. Hünärmen öz çykyşynda hojalyk jemgyýetinde öndürilýän damjalaýyn suwarmak üçin niýetlenilen dürli hili geçirijiler hakynda gürrüň berdi. Bu ýerde myhman enjamlaryň görnüşleri we olaryň ulanyş düzgünleri bilen hem tanyşdyrdy. Şeýle-de ol öz çykyşynda joýalaýyn suwarmaklyk usuly bilen damjalaýyn suwarmaklygyň ykdysady we ekologiki aratapawudyny aýdyp geçdi. Telekeçi ekin ýerlerinde ýetişdirýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde damjalaýyn suwarmaklygyň birnäçe esse amatlydygyny belläp geçdi.
Ylmy-tejribe duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar joýalaýyn suwarmaklykda ekin ýerleriniň şorlaşmak mümkinçiliginiň ýokarlandyrýandygyny belläp, esasy zat topraga suw bermek däl-de ösümlige suw bermeklikdigini belläp geçdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirilip, indiki ylmy-tejribe duşuşygyň ýurdumyzda balaryçylygyň ýagdaýy bilen baglanşykly geçirilmegini teklip berdiler.
Jumamyrat Göläýew,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy