Uniwersitetimizde Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi
1018Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda mähriban Watanymyzy gorap, halkymyzyň mertebesini beýgelden Gahrymanlarymyza uly sarpa, çäksiz hormat goýulýar. Olaryň bagtyýar geljek üçin görkezen gahrymançylyklary bu günki nesiller üçin nusgalyk mekdepdir.
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda ähli doganlyk halklary bilen bilelikde türkmen halkynyň gerçek ogullary, merdana zenanlary urşuň ýowuz synaglaryna döz gelip, Watanyň azatlygy we özbaşdaklygy ugrunda gahrymanlarça söweşdiler. Türkmen halky 1941-1945-nji ýyllaryň frontynda-da, tylda-da gaýduwsyzlyk we edermenlik görkezip, Beýik ýeňşe özleriniň saldamly goşantlaryny goşdular. Türkmenistanly esgerler Watançylyk urşunyň ilkinji agyr günlerinden başlap, urşuň ähli frontlarynda diýen ýaly gahrymanlarça söweşip, özleriniň Watan öňündäki borçlaryny abraý bilen berjaý etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uruş weteranlary, tylda zähmet çekenler we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlary üçin berilýän köpsanly ýeňillikleriň netijesinde olaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Her ýylyň 9-njy maýynda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilip geçilýän “Ýeňiş baýramy” mynasybetli uruş weteranlaryna we söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.
Ýeňiş güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Merdana pederlerimiziň gahrymançylygy mukaddes watanymyza ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş eden professor mugallymlar we talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy” we “Älem içre at gezer” atly romanlarynyň terbiýeçilik we taryhy ähmiýetini aýratyn bellediler. Mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoly we Mälikguly aganyň Beýik Watançylyk urşunyň gazaply ýyllaryna gabat gelen ýetginjeklik döwründe başdan geçiren wakalary, durmuş baradaky oýlanmalary hakynda täsirli çykyş etdiler.
Ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatyny pugtalandyrmaga, öňdebaryjy tejribeleri, ýokary tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Kömekow Ýeňiş,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Kinologiýa taýýarlyk ugrunyň
2-nji ýyl talyby