Uniwersitetimizde daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen onlaýn okuw sapaklary geçirildi
893Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli ynsanperwer syýasaty netijesinde Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek we üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak, milli bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleri we edýän taýsyz howandarlyk hemaýaty netijesinde Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiz bilen häzirki wagtda ösen daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hem-de dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň arasynda bilim, ylym we innowasiýalar babatda hyzmatdaşlyk giň gerimde alnyp barylýar. Ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäklerinde, bilim bermegiň häzirki zaman usullaryny durmuşa ornaşdyrmak, okatmagyň täze innowasion maksatnamalary we okuw işini kämilleşdirmegiň ugurlaryna degişli maglumatlar barada tejribe alyşmak, tejribeli daşary ýurtly hünärmenleri çekmek bilen sapaklary guramak hem-de birnäçe döwletleriň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylan edara-kärhanalarynda talyplaryň önümçilik tejribeliklerini geçmeklerini bilelikde guramak boýunça göz öňünde tutulan çäreler yzygiderli amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklarynyň ýokary okuw mekdebimizde talaba laýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek we ýola goýlan hyzmatdaşlygy geljekde has-da işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek maksady bilen, Dokma önümçiligi fakultetiniň professor mugallymlary we talyplarynyň gatnaşmagynda Belarussiýa döwletiniň Agrar tehniki uniwersitetiniň inžener-tehnologiki fakultetiniň professor mugallymlary bilen Oba hojalyk önümlerini standartlaşdyrmak boýunça onlaýn sapagy geçirildi.
Geçirilen onlaýn sapagynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň alyp barýan işleri, ýeten sepgitleri we Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk önümi bolan pagtanyň sortlary we görkezijileri, seleksiýa işleri hem-de pagtadan alynýan nah ýüplükleriniň, dokma matalarynyň, taýýar tikin önümleriniň standartlary barada çykyşlar edildi.
Mundan başga-da uniwersitetimizde Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy instituty bilen onlaýn okuw sapagy geçirildi.
Onlaýn sapagyň dowamynda çykyş edenler Aral deňziniň zyýanly täsirlerine garşy göreşmegiň usullary barada birnäçe teklipler öňe sürüldi.
Ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatyny pugtalandyrmaga, ylym ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tejribeleri, ýokary tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Kadyr Batyrow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby