Uniwersitetimiz Russiýa Federasiýasynda halkara onlaýn olimpiadalaryň ýeňijisi diýlip yglan edildi

572
Arkadagly Serdarymyzyň döwletli başlangyçlary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar türkmen ýaşlarymyz özlerine bildirilýän beýik, emma şol bir wagtda ruhlandyryjy ynama uly üstünlikler bilen jogap berýärler. Bu günki Arkadagly Serdarly ýaşlarymyzyň halkara derejesindäki gazanýan ýeňişleri munuň aýdyň subutnamasydyr. 
Watanymyzyň geljegi, mizemez kuwwaty bolan türkmen ýaşlarymyz kalbyndaky Hormatly Prezidentimize, ata-watannymyza bolan söýgüni özleriniň ylym-bilim ulgamyndaky ajaýyp üstünlikleri bilen beýan edýärler. Olaryň gazanýan her bir ýeňşi bolsa watanmyzyň galyberse-de ýokary okuw mekdebimiziň halkara abraýyny arşa göterýär. Ine ýaňy ýakynda Russiýa Federasiýasyndan gelen gutlag haty hem uniwersitetimiz üçin diýseň buýsandyryjy waka boldy. Bu hatda 2022-2023-nji okuw ýylynda Russiýa Federasiýasynda geçirilen halkara onlaýn olimpiadalarynda uniwersitetimiziň talyplarynyň dürli dersler boýunça işjeň gatnaşyp, ýokary netijäni görkezendikleri bellenilip geçilýär. Şeýle-de bu gutlag hatynda uniwersitetimiziň talyplarynyň geçirilýän her bir bäsleşikde göreldeli çykyş edýändikleri we mynasyp netijeleri görkezýändikleri beýan edilýär.  Talyplarymyzyň bu üstünlikleri üçin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimize “2023-nji ýylda talyplaryň arasynda geçirilýän halkara açyk internet olimpiadalaryň ýeňijisi” diýen hormatly adynyň berilmegi we ýeňijiniň nyşanynyň ýokary okuw mekdebimiziň web saýtynda ýerleşdirilmegi biziň uniwersitetimizde alnyp barylýan işleriň ýokary netijeliligini görkezýär. Her bir gazanylýan üstünlikde bolsa professor-mugallymlarymyzyň halal zähmetiniň bardygyny bellemek gerek. 
Biz hem ýokary okuw mekdebimiziň bu belent hormata mynasyp bolmagy bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys! Geljekde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň bize bildirýän beýik ynamyny ödäp, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan kämil baş çykarýan ýaşlary ýetişdirjekdimize ynandyrýarys!    
Ezizmuhammet Hojamyradow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk 
uniwersitetiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm