Ylmy-tejribe duşuşygymyz ýurdumyzda ösümlik ýagyny öndürmeklik hakynda geçirildi

563
Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan telekeçilerimize döredilýän mümkinçilikler, olara döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikli karzlar bu ugurda halkara tejribeleriň giňden ornaşdyrylyp, öndürilýän önümleriň görnüşleriniň barha artmagyna getirýär. Daşary ýurtlardan import edilýän önümleriň indi biziñ õz ýurdumyzda hem õndürilip başlanmagy bolsa munuň aýdyň netijesi bolup durýar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde her hepdäniň şenbe güni ylymlar güni mynasybetli geçirilýän ylmy-tejribe duşuşygymyzyň bu gezegi ''Gündogar akymy" atly hojalyk jemgyýetinde  “Günaý” brendi bilen öndürilýän ösümlik ýagyna bagyşlandy. Duşuşykda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýet agzasy, hususy telekeçi Hudaýberdi Hangeldiýew çykyş etdi. Onuň belleýşi ýaly, “Gündogar akymy” hojalyk jemgyýeti “Günaý” brendi bilen ýurdumyzda ilkinji bolup günebakar çigidinden ýag õndürip, içerki bazarlarymyza ýetirýär. 2019-njy ýyldan bäri kärhanada õsümlik ýagynyñ õnümçiligi üstünlikli alnyp barylýar.
Hojalyk jemgyýetine 2020-nji ýylda Ahal welaýatynyñ Sarahs etrabynyñ çäginden oba hojalyk ekinlerini õsdürip ýetişdirmek üçin jemi 6000 gektara golaý ýer bõlünip berilip, ol ýerde ekin dolanyşygy esasynda 900 gektarda günebakar çigidini, hersi 850 gektar  meýdanda bolan soýa, raps, künji, 2 müñ 550 gektarda  bugdaý ekmek gõz õñünde tutulýar.
Kärhanada ösümlik ýaglarynyñ õnümçiliginden galýan künjara we un zawodynyñ galyndysy kepek, guşlardyr we gara mallar üçin garyşyk iýmler taýýarlanylanda ulanylýar. Bulardan başgada kärhana "Günaý" haryt nyşany bilen maýonez önümçiligini hem ýola goýdy. Öndürilýän ýokary hili önümleriniň bolsa içerki bazarlarmyza ýetirilip, bu ugurda önümçilik görkezijileriniň barha ýokarlanýandygyny buýsanç bilen bellediler.
Çykyşlar tamamlanandan soňra maslahata gatnaşyjylar özlerinde gyzyklanma döredýän soraglary berip, hünärmenler bilen pikir alyşdylar. Ylmy-tejribe duşuşygyň ahyrynda çykyş eden Hudaýberdi Hangeldiýewe minnetdarlyk bildirilip, indiki duşuşygyň ekinleri damjalaýyn suwarmakda ulanylýan polietilen turbalarynyñ öndürilişi bilen baglanşykly bolmagyny teklip berdiler. 
Aşyrowa Aýsoltan,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniñ talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm