Uniwersitetimiziň talyby Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldy

548
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewiniň şan-şöhraty, meşhurlygy bütin dünýäde arşa göterilýär, dabaralanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda atçylyk pudagynyň dürli ugurlary ösdürilip, halkara derejelerine çykarylýar. Möwsümleýin geçirilýän at çapyşyklary bilen bir hatarda atçylyk sportuna hem uly üns berilýär.  Muňa päsgelçilikden atly bökmek ýagny atly sportuň konkur görnüşi boýunça ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi aýdyň mysal bolup biler. 
Türkmen bedewiniň Milli baýramy mynasybetli ýaňy ýakynda konkur sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ugurdan tejribeli, ökde türgenler gatnaşyp, öz aralarynda dürli päsgelçiliklerden atly bökmeklik boýunça bäsleşdiler.  Atly sportuň konkur görnüşi boýunça bäsleşik bu gezek jemi üç tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda türgenler beýikligi 110 sm bolan päsgelçiliklerden geçmek boýunça bäsleşdiler. Bu tapgyrda ýeňiji bolan türgenler ikinji tapgyrda beýikligi 120 sm bolan päsgelçiliklerden geçdiler. Ikinji tapgyrda hem üstünlikli netije görkezen türgenleriň jemi ýedi sanysy bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu tapgyrda türgenler atly sportuň konkur görnüşi boýunça beýikligi 130 sm bolan päsgelçiliklerden geçmeklik boýunça özara bäsleşdiler. Ýokary derejede geçen bäsleşikde  uniwersitetimiziň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Atçylyk taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby Garajaýew Serdar ýokary netijäni görkezip, birinji orny eýeledi we Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp boldy. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşikde bagtyýar talybymyzyň ýeňişi, onuň atly sportuň konkur görnüşini kämilleşdirmekde yhlasynyň ýerine düşendiginiň alamaty bolup durýar. Biz hem bagtyýar talybymyzy bu ajaýyp ýeňişi hem-de Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmagy bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys. Geljekde ýurdumyzda atçylyk sportuny halkara derejelerine çykarmakda Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna bildirýän ynamyny ödejekdigine berk ynanýarys! 
Mähri Babanazarowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk  uniwersitetiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm