DÜNÝÄ ATÇYLYK MEDENIÝETINIŇ KÄMIL MEKDEBI

512
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň guramagynda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XV halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň hünärmenleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, atşynaslar, alymlar gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde bedewlerimiziň şanly toýuna bagyşlanyp guralan  milli medeni gymmatlyklarymyzyň, atçylyga degişli önümleriň, bezeg şaý-sepleriniň, uniwersitetiň talyp ýaşlarynyň ylmy taslamalarynyň sergisi bilen tanyşdylar.
Halkara ylmy maslahatda ahalteke atçylygynyň, seýisçiligiň ylmy esaslary, bu ugurda ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklarynda alnyp barylýan ylmy-barlag, okuw işleri, türkmen bedewleriniň gadyr-gymmaty, sungatdaky we edebiýatdaky keşbi hakynda çykyşlar diňlendi. Alymlar, professor-mugallymlar ahalteke tohum atlarynyň dünýäde medeni atçylygyň döremegindäki we ösdürilmegindäki ähmiýetiniň uludygyny belläp, çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň eserlerine salgylandylar. Maslahatda ussat seýis Aba Annaýewiň atlary seýislemekdäki baý tejribeleri paýlaşyldy, atlary idetmek, bejermek, bu ugurda dünýä tejribesi hakynda pikir alşyldy.
Bellenişi ýaly, ýurdumyzda atçylygy ösdürmek boýunça işler pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmekden başlap, toplumlaýyn alnyp barylýar. Ahalteke bedewleriniň saglygyny goramak, olary talabalaýyk iýmitlendirmek bilen bagly meselelere ylmy esasda çemeleşilýär. Şunuň bilen baglylykda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde alnyp barylýan ylmy işler, şol sanda bedewler üçin «Kuwwatly» atly baýlaşdyrylan iým goşundysynyň taýýarlanandygy barada habar berildi.
Arassa ganly ahalteke bedewleriniň şejeresiniň 17 ugurdan gaýdýandygy we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen täze nesil ugurlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýdyldy. Ahalteke bedewleri hakynda rowaýatlaryň, seýisçilik däp-dessurlarynyň, halky usullaryň ähmiýetine, milli maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna goşmak boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berildi.
Çykyş edenler doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenýän Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda, umuman, nusgawy edebiýatymyzda bedewleriň keşbiniň beýan edilişine aýratyn üns berdiler.
Hormatly Prezidentimiziň atçylygy ösdürmek, atşynaslaryň täze neslini kemala getirmek boýunça alyp barýan işleriniň miwesini berýändigi buýsanç bilen nygtaldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş nesiller üçin ajaýyp sowgat hökmünde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagy bilen, ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ylmy esasda ösdürmekde täze döwrüň başlanjakdygyna ynam bildirildi. 
Maslahata gatnaşyjylar ildeşlerimizi Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Öwezmuhammet Ýazmuhammedow, 
S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm