Uniwersitetimiziň talyplary iňlis dili boýunça halkara olimpiadanyň ýeňijileri
764Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili boýunça ikinji açyk halkara olimpiada geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Olar iňlis dili boýunça test soraglaryny çözmekde, iňlis dilinde kämil gepleşmekde özara bäsleşdiler.
Çekeleşikli geçen bäsleşikde uniwersitetimiziň talyp ýaşlary üstünlikli çykyş edip, jemi 5 sany I orna hem-de 4 sany II orna mynasyp boldular. Halkara bäsleşikde gazanylan bu ýokary netijeler uniwersitetimizde talyp ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça alnyp barylýan işleriň oňyn netijesidir.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerinden kämil baş çykarmaklary, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin durmuşa geçirilýän çäreler öz miwesini berýär. Halkara derejede olimpiadalarda, ylmy-taslama bäsleşiklerinde talyp ýaşlarymyzyň yzgiderli üstünlik gazanýandyklary hem muňa şaýatlyk edýär.
Azamat Aşyrow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Amaly mehanika kafedrasynyň mugallymy.