Uniwersitetimiziň gerçek ýigidi saýlandy

569
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan eden «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly  bäsleşiginiň uniwersitetimizdäki tapgyry aýratyn joşguna, döredijilik ylhamyna eýe boldy. Bäsleşikde ýokary okuw mekdebimiziň fakultetlerinden saýlanan jemi sekiz sany talyp ýigit öz aralarynda saýlap alan hünärini çeper beýan etmek, türkmen halkynyň görnükli taryhy şahsyýetleriniň keşbini janlandyrmak boýunça bäsleşdiler. 
Talyp ýigitlerimiziň sahnada görkezen çykyşlary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilip, eminler tarapyndan adalatly bahalandyryldy. Bäsleşigiň dowamynda ajaýyp sahnada ýerine ýetirilen aýdymlardyr tanslar baýramçylyk joşgunyny emele getirdi. 
Çekeleşikli we gyzykly geçen bäsleşikde uniwersitetimiziň Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň Oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak) hünäriniň 3-nji ýyl talyby Mekan Hojamyradow talyp deň-duşlaryndan saýlanyp, iň ýokary baha eýe boldy.
Biz hem bagtyýar talybymyzy bu ýeňşi bilen gutlap, bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda hem üstünlikli çykyş etmegini arzuw edýäris!
Agaberdi Sarwanow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinologiýa taýýarlyk ugrunyň (bakalawr) 2-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm