Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

584
Binýady berkden tutulan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerini ylmy esasda öwrenmäge, olary milli usullarda seýislemäge, atçylygyň inçe syrlaryny kämilleşdirip, geljekki nesillerimize ýetirmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda ýerleşýän döwrebap atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklaryny, türkmen toýlaryny we baýramçylyklaryny  guramaga we ýokary derejelerde geçirmäge doly şertler bar. Munuň özi halkymyzyň sungat derejesine ýetiren milli gymmatlygymyza goýulýan beýik sarpadan nyşan bolup durýar.
Bu günki gün Türkmen bedewiniň milli baýramy diňe bir ýurdumyzda däl,  eýsem halkara derejede uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli geçirilýän at çapyşyklary, gözellik we döredijilik bäsleşikleri, ylmy-amaly maslahatlar baýramçylyk ruhuna eýe bolýar. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda “Şan-şöhratly ahalteke bedewi türkmen halkynyň milli gymmatlygydyr” atly dabaraly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň umumy mejlisiniň Milli Liderimiziň türkmen bedewleri hakynda aýdan dürdäne sözleri bilen başlanmagy oňa özboluşly ruhy galkynyş berdi. Soňra ylmy-amaly maslahat halypa mugallymlarymyzyň çykyşlary we türkmen bedewlerini wasp edýän şirin aýdymlar bilen utgaşdy. Maslahatyň dowamynda ýerine ýetirilen çykyşlarda we aýdymlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny äleme doldurmakda alyp barýan beýik işleri, ýurdumyzda atçylyk pudagynyň ösüşi we bu ugurda döredilýän mümkinçilikler uly ruhubelentlik bilen beýan edildi. Dabaraly ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi tamanlanandan soň, onuň işi degişli bölümçelerde dowam etdirildi. Olarda professor-mugallymlarymyzyň we bagtyýar talyp ýaşlarymyzyň çykyşlary diňlenildi. 
Güljemal Berdinazarowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm