Uniwersitetimiziň talyby ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginde baýrakly orny eýeledi
711Gahryman Arkadagymyz: “Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr” diýip jaýdar belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen şahyryň 290 ýyllyk baýramynyň dabaraly bellenilmegi we goşgularynyň dürli dillerde neşir edilmegi bolsa, şol halklaryň öz ene dillerinde akyldaryň filosofiki garaýyşlarynyň, türkmen paýhasynyň, milliliginiň, gahrymançylygynyň örän ýokary derejede beýikdigine göz ýetirmäge mümkinçilik döretdi.
Türkmen paýhasynyň belent nusgasy bolan Magtymguly Pyragynyň 300 – ýyllyk ýubileý toý-dabarasyny halkara derejesinde bellemek hakyndaky kabul edilen karar bolsa, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we akyldar Magtymguly Pyragynyň älem içre at-abraýyny has-da belende göterdi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklaryny hemmetaraplaýyn öwrenmek işinde täze belent sepgitlere ýetendiginiň aýdyň mysalydyr.
Şu nukdaýnazardan ugur alyp Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Magtymguly sözüm gysga şerhi köp” atly şygryýet bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky tapgyrynda ýeňiji bolan talyplar gatnaşdylar. Olar Magtymguly Pyragynyň goşgularyny, Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan beýik işlerini, ynsanperwerligi, türkmen tebigatyny we umumadamzat gymmatlyklaryny wasp edýän goşgulary okamak boýunça bäsleşdiler.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agronomçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Halmaýew Aşyrgeldi we Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Sakçyýew Nury bu bäsleşige gatnaşyp, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny, şeýle-de öz döreden goşgulary bilen çykyş etdiler.
Şygryýet bäsleşiginiň emin agzalary Agronomçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aşyrgeldi Halmaýewiň şygyr ýazmakda we okamakda aýratyn zehininiň bardygyny nygtap bellediler. Oňa degişlilikde ikinji baýrakly orny berdiler. Uniwersitetimiziň talyby Aşyrgeldi Halmaýewiň ikinji orna mynasyp bolmagy diýseň guwandyryjydyr.
Garýagdyýew Döwletmyrat,
S.A.Nyýazow adyndaky türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby