Dökün önümçiligi boýunça ylmy-tejribe duşuşygymyza Türkiýe döwletinden agronom gatnaşdy

928
Ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleri netijesinde agrosenagat pudagymyz barha kämilleşýär. Hususy telekeçilerimiz tarapyndan öndürilýän önümler hil we howpsuzlyk babatynda halkara standartlaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle önümçiligiň hatarynda oba hojalyk ekinleriniň dökün önümçiligi geljekde ekerançylyk pudagymyzyň kämil derejede ösmegine has-da itergi berer.
Şenbe güni uniwersitetimizde geçirilen ylmy-tejribe duşuşygymyzyň temasy ekerançylykda dökün önümçiligi bolup, oňa ýurdumyzda bu önümçilik boýunça ilkinji kärhana bolan “Jahan Tilsimatlar” hususy kärhanasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Kärhananyň hünärmenleri özleriniň çykyşlarynda hususy kärhanada häzirki wagtda dökün önümçiligi boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Olaryň bellemeklerine görä “Jahan Tilsimatlar” hususy kärhanasy 2017-nji ýylda döredilip, 2021-nji ýylda kärhana pestisidlere we dökün önümçiligine ygtyýarnama berildi. Kärhanada bugdaý, pagta, gant şugundury ýaly strategik ekinlerden başlap, miweli baglary, gök we bakja önümleri talaba laýyk ösdürip ýetişdirmeklik üçin organiki we himiki önümler taýýarlanylýar. Taýýar önümleriň esasan ergin görnüşinde bolmagy, ösümlikleriň hasyllylygyna oňat täsir edip, olary dürli zyýankeşlerden ygtybarly goraýar. Kärhanada öndürilýän “Bereket”, “Kökçi”, “N-Kuwwat”, “Miweçi”, “Gülçi” ýaly önümler ösümlikleriň hasyllylygyny ýokarlandyrsa, “Ösüş”, “Ösüş+” “Ca Depgin”, “Cu Gorag”, “Şorçy” ýaly önümler topragyň peýdaly mineral maddalar bilen baýlaşdyryp, onuň turşulygyny kadalaşdyrýar. Häzirki wagtda kärhanada öndürilýän önümler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly meşhurlyk gazanyp, geljekde ekerançylyk pudagymyzda ýokary hasyl almakda wajyp orny eýelär.
Soňra ylmy-tejribe duşuşygyny Türkiýe döwletinden tejribeli agronom dowam etdirdi. Ol çykyşynda ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan telekeçiligiň ähli ugurlarda goldanylýandygyny, ýurdumyzda ekerançylygy ösdürmekde amatly klimat şertlerimiziň bardygyny, geljekde ylmy esasda has-da ösdürilmeginiň zerurdygyny belläp geçdi. 
Hünärmenleriň çykyşlary tamamlanandan soň duşuşyga gatnaşyjylar gyzyklandyrýan soraglary berip, özara tejribe alyşdylar. Duşuşygyň ahyrynda çykyş eden ähli myhmanlara minnetdarlyk bildirilip, işlerinde üstünlikler arzuw etdiler. 
Bägül Babaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Tikin önümçiligi kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52