Uniwersitetimizde D witamine bagyşlanan çäreler geçirildi

590
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, Arkadagly Serdarymyzyň döwletli başlangyçlaryndan ruhlanýan halkymyzyň saglygy hakyndaky alada ýurdumyzda iň bir ileri tutulýan meseleleriň biri bolup durýar. Saglyk Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde  Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmakda 2023-2028-nji ýyllar üçin Strategiýa we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda uniwersitetimizde degişli çäreler geçirildi. Ýagny uniwersitetimiziň professor-mugallymlarynyň arasynda D witaminiň ähmiýeti hakynda bäsleşik geçirilip, bu bäsleşige jemi fakultetlerden 17 sany çykyş hödürlenildi. Bäsleşikdeň professor-mugallymlarymyz D witaminiň  adam saglygyna ýetirýän peýdasy, onuň çeşmeleri, dürli ýokanç däl keselleri bejermekde ähmiýeti hakynda gyzykly ylmy maglumatlary berdiler. Umumy çykyş edenleriň arasynda emin-agzalar tarapyndan iň gowy 7 sany çykyş ýeňiji diýlip yglan edildi. Mundan başga-da uniwersitetimizde “D witamini we onuň adam saglygyna peýdasy” ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda esasan uniwersitetimiziň bagtyýar talyp ýaşlary çykyş etdiler. Çykyşlarda talyp ýaşlarymyz D witaminiň taryhy döreýşi, onuň bölünip alnyşy, bu witaminiň ýetmezçiliginde döreýän alamatlar we D witamine iýmit önümleri hakynda gürrüň berdiler. Maslahatyň dowamynda häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzda halkymyzyň sagdyn, berk bedenli bolmagy üçin alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleri ruhubelentlik bilen beýan etdiler. Täsirli geçen ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gurbangeldi  Rejepow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen  oba  hojalyk  uniwersitetiniň  
2-nji  ýyl  talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52