Ylmy-tejribe duşuşygymyz bu gezek mermer etini öndürmegiň tehnologiýasy hakynda
610Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan uly özgertmeler ilkinji nobatda halkymyzy ýokary hilli ekerançylyk we maldarçylyk önümleri bilen üpjün etmeklige gönükdirilendir. Häzirki wagtda welaýatlarmyzda dünýä standartlaryna laýyklykda gurulýan maldarçylyk we guşçulyk toplumlary geljekde ilatymyzy et-süýt we beýleki maldarçylyk önümleri bilen bolelin üpjün etmekde özüniň wajyp goşandyny goşar.
Ýer ýüzünde ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi netijesinde mallardan alynýan önümleriň hem görnüşleri artýar. Muňa bolsa ilatyň şol önümlere bolan isleginiň ýokarlanmagy hem itergi berýär. Mallardan alynýan et önümleri diňe bir malyň görnüşi, ýaşy, tohumy boýunça tapawutlanman eýsem, ýokumlylygy boýunça hem tapawutlanýar. Soňky ýyllarda mallaryň käbir tohumyndan ýokary hili eti “mermer etini” öndürmeklik ýola goýulyp, ýylsaýyn muňa isleg artýar. Mallardan bu eti almaklyk birnäçe tapgyrlaýyn işlere esaslanýar. Uniwersitetimizde şenbe güni geçirilen ylmy-tejribe duşuşygymyz bu gezek mermer etini öndürmegiň tehnologiýasy hakynda geçirilip, oňa ýurdumyzyň “Ajaýyp ussat-halal önümleri” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri gatnaşdylar. Duşuşykda ilki bilen hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Gülnar Işangulyýewa çykyş edip, ol öz çykyşynda häzirki wagtda hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Onuň aýtmagyna görä “Ajaýyp ussat-halal önümleri” hojalyk jemgyýeti 2021-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda ol ýerde mallardan ýokary hili et we süýt alnyp halka ýetirilýär. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän on müň gara mal üçin niýetlenen hojalykda daşary ýurtlardan getirilen golştin, simmental we aberdin-angus tohumly gara mallaryň jemi 4500 sanysy saklanylýar. Bellemeli zatlaryň biri, hojalykdaky saklanylýan golştin we simmental tohumly mallardan ýokary hili süýt we et önümleri alynsa aberdin angus tohumly gara mallardan ýokary hili mermer eti alynýar. Ýaňy ýakynda bolsa hojalykda mermer etini öndürýän seh açylyp, ol ýerde tejribeli hünärmenleriň zähmet çekmeklerinde bu tohum aýratyn şertlerde bakylýar. Hojalyk jemgyýeti halkymyzy ýokary hili et we süýt bilen üpjün etmekde alyp barýan işlerini geljekde hem ýokarlandyrmaklygy maksat edinýär.
Soňra ylmy-tejribe duşuşygyny uniwersitetimiziň Epizootologiýa we parazitologiýa kafedrasynyň mugallymy Daýanç Reýimow dowam etdirdi. Ýaş mugallym öz çykyşynda mermer etiniň gelip çykyşyny, mallardan mermer etini almaklygyň inçe ýollaryny gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä Ýaponiýada öndürilip başlan mermer etini almakda esasan gara mallar peýdalanylyp, olaryň arasynda et ugruna gönükdirilen wagiu, aberdin angus, şortgorn ýaly tohumlardan ýokary hili mermerlik derejesi bolan et alynýar. Ýokary ýokumlylygy we näzikligi bolan bu ete ýer ýüzüniň ilaty uly isleg bildirip, olardan ýokary hili steýk tagamy taýýarlanylýar.
Çykyşlar tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan soraglary berip, özara pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda uniwersitetimiziň weterinar lukmançylygy we et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek hünärleriniň we beýleki hünärleriň talyplaryny hojalyk jemgyýetine önümçilik tejribeliklerine goýbermeklik we ekskursiýalary guramaklyk hakynda gürrüň edildi. Ylmy-tejribe duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlara minnetdarlyk bildirilip, indi duşuşygyň oba hojalyk ekinlerini dermanlamak we dökünlemek boýunça geçirilmegini teklip berdiler.
Kirimowa Gülnar,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Senagat balykçylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby