“Oba hojalygynda ösümlikleri goramagyň innowasion usullary” atly online halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
650Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek we üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk hem ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek bilen bir hatarda, ajaýyp geljegimiziň gözbaşy bolan milli bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, türkmen ýaşlarynyň halkara ölçeglerine laýyk derejede ylymly-bilimli bolmagyny, häzirki zaman hünär endikleriniň öwredilmegini üpjün etmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Russiýa federasiýasynyň “Шелково Агрохим” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda “Oba hojalygy ösdürmekde ösümlikleri goramagyň innowasion usullary” atly online halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň başynda “Шелково Агрохим” paýdarlar jemgyýetiniň ylmy işler boýunça direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty Želtowa Ýelena Wladimirowna “Innowasion formulaly serişdeler ösümlikleri goramakda uly ädim” atly tema boýunça çykyş etdi. Ol çykyşynda paýdarlar jemgyýetiniň täze önümi bolan kantor serişdesiniň miweli baglarda maniloz keseline garşy gowy netije berýändigini nygtady. Soňra ylmy-amaly maslahaty Prýahin Aleksandr Wiktorowiç dowam etdirip, ol “Шелково Агрохим” paýdarlar jemgyýetiniň önümlerini ulanmak bilen ýaprakdan iýmitlendirip ösümlikleri goramagyň ähmiýeti barada çykyş etdi.
Soňra çykyşlary “Шелково Агрохим” paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistandaky wekili Agamyrat Orazgeldiýew we uniwersitetimiziň mugallymlary dowam etdirip, olar öz çykyşlarynda “Şelkowo Agrohim” paýdarlar jemgyýetiniň serişdelerini Türkmenistanyň toprak howa şertlerinde peýdalanmak arkaly geçirilen ylmy-barlaglaryň netijeleri barada durup geçdiler.
Ikitaraplaýyn geçirilen online maslahatyň netijesinde S.A.Nyýazow adyndaky türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen “Шелково Агрохим” paýdarlar jemgyýetinip arasyndaky baglaşylan ylalaşykdan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek we oba hojalyk ekinlerini dürli kesellerden goramak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada teklipler öňe sürüldi.
Maslahatyň ahyrynda çykyş edenlere minnetdarlyk bildirilip, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler!
Merdan Pirlekow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Miweçilik, üzümçilik we gök ekerançylyk kafedrasynyň müdiri,
oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty