Uniwersitetimizde professor-mugallymlaryň arasynda iňlis dili boýunça bäsleşik geçirildi
580Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde iňlis dilinde geçirilýän hünär boýunça okuw sapaklarynyň hilini bilim, ylym we innowasiýalar babatda köpugurlaýyn kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, dünýä tejribesini bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda içgin öwrenmek, okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak, halkara derejesine getirmek hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek maksady bilen uniwersitetimiziň öz hünär derslerini iňlis dilinde okadýan professor-mugallymlaryň arasynda prezentasiýa bilen çykyş etmek boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige her bir fakultetden saýlanan jemi sekiz sany mugallym gatnaşdy. Bu bäsleşigiň maksady ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny wagyz etmek we onuň wezipelerini açyp görkezmekden, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” bilen baglanşykly alnyp barylýan işleriň hili kämilleşdirmekden we ýaş mugallymlaryň bu ugurda tejribelerini artdyrmakdan ybarat boldy.
Bäsleşigiň şertine laýyklykda mugallymlar öz okadýan ugurlary bilen baglanşykly hormatly Prezidentimiziň aýdan sözlerini, öz okadýan dersiniň we hünäriniň jemgyýetdäki ornuny, sapak geçiş usulyýetini we tejribelerini iňlis dilinde beýan etdiler. Mugallymlaryň sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ussatlyk bilen peýdalanmagy, talyplara öz hünär derslerini iňlis dilinde ýokary derejede geçmegi bilen baglanşykly çykyşlary bäsleşigiň çekeleşikli geçendiginiň subutnamasydyr. Gyzykly geçen bäsleşikde ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň iňlis dili mugallymlaryndan düzülen eminler toparynyň beren bahalary boýunça Oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasy we tohumçylygy kafedrasynyň mugallymy Didarowa Enejan 3-nji orna, Tikin önümçiligi kafedrasynyň mugallymy Maral Seýidowa 2-nji orna, Oba hojalygynda buhgalter hasaby we audit kafedrasynyň mugallymy Mähri Hojamuhammedowa 1-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. Bäsleşigiň ahyrynda eminler topary uniwersitetimizde daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berip, bu ugurda mugallymlaryň jogapkärli işlerinde üstünlik arzuw etdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňiji bolanlara uniwersitetimiziň rektorlygynyň adyndan hormat hatlary we ýädygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Maýa Amanowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Diller kafedrasynyň müdiri