,,NOWRUZ GELDI – BU AJAÝYP DIÝARA”

648
Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiziň fakultetleriniň talyp gyzlarynyň arasynda Nowruz baýramy mynasybetli gyzgalaňly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige tomaşa etmäge emin agzalar topary, uniwersitetimiziň mugallymlary, talyp ýaşlar hem işjeň gatnaşdylar.        
Bilşimiz ýaly, sahawatly türkmen topragynda ýylyň her bir pasly özüniň özboluşly owadanlygy, gaýtalanmajak gözellikleri bilen gelýär. Nowruzyň ýetip gelmegi bilen, maýyl howaly türkmen topragynda aýgytlaýjy oba hojalyk möwsümi başlanýar. Nowruzyň gelmegi bilen, tebigat janlanýar. Çünki, Nowruz baýramynyň öz aňladýan manysy ,,now” sözünden ybarat bolup, ol ,,täze” diýen manyny berýär. Diýmek, Nowruz baýramy – bu tebigatyň janlanmagynyň, täzelenişiň baýramy hasaplanylýar. Nowruz baýramynda türkmen saçagy giňden ýazylýar.
Mälim bolşy ýaly, Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen bu bäsleşikde talyp gyzlar özleriniň ýokary görkezijileri boýunça işjeň çykyş etdiler.  Bäsleşikde, esasan, iki sany görkeziji boýunça ýaryş guraldy. Olaryň birinjisi – dürli işdäaçarlary taýýarlamak, ikinjisi bolsa – ajaýyp ,,Gül çogdamyny” ýasamak. Bu bäsleşige gatnaşan talyp gyzlar özleriniň taýýarlan önümleri boýunça dürli goşgulary we jümleleri ýerine ýetirip, öz işlerini mahabatlandyrmagyň hötdesinden geldiler. Şeýle-de, bu baýram mynasybetli birnäçe el işleriniň, dürli tagamlaryň we oba hojalyk önümleriniň sergisi guraldy.
Umuman, bäsleşigiň ahyrynda emin agzalaryň çykaran netijesine görä, uniwersitetimiziň fakultetleriniň talyp gyzlarynyň çykyşlaryna ýokary baha berildi. Olar uniwersitetimiziň rektorlygy tarapyndan hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglandylar. 
Bäsleşigiň ahyrynda şular ýaly döredijilik bäsleşikleriniň, ýaryşlaryň geçirilmegi we talyp ýaşlaryň öz ukyplaryny açyp görkezmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän, ýaşlaryň kämillik ýolunda öňe ilerlemegi üçin mynasyp işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy hakynda ýagşy arzuwlar edildi.
Gülbagt Höwezowa
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba 
hojalyk uniwersitetiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52