MILLI BAHAR BAÝRAMY MYNASYBETLI TALYP GYZLARYŇ ARASYNDA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
110415-nji martda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Milli bahar baýramy mynasybetli, «Nowruz geldi Arkadag Serdarly eziz Diýara ― türkmen halky baýdyr milli tagama» diýen at bilen bäsleşik geçirildi.
Ony Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi hem-de Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilelikde gurady.
Bäsleşige orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. 3 adamdan ybarat bolan toparlaryň 4-si 3 şert boýunça bäsleşdi. 1-nji şertde her topar berlen wagtyň dowamynda «Bereketli türkmen saçagy» kitabyndan ugur alyp, işdäaçar taýýarlady we milli tagamlarymyz bilen saçagy bezedi. Ikinji şertde türkmen tebigatynyň gözelligi, bahar pasly çeper okaýyşlaryň we edebi-sazly kompozisiýanyň üsti bilen wasp edildi. Üçünji şertde bolsa talyp gyzlar bahar güllerinden sebet we gül çemenlerini ýasadylar.
Eminler bäsleşige gatnaşanlara 5 bala çenli baha berip, ýeňijileri saýladylar. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, bäsleşige işjeň gatnaşanlara höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.