S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilen duşuşyk hlorella ösümligi barada boldy.

483
Duşuşykda, ilki bilen, «Çemenli ýaýla» hususy kärhanasynyň direktory Şamyrat Hydyrow çykyş etdi. Hünärmen häzirki wagtda hususy kärhanada hlorellanyň ýörite gaplarda ergin, suspenziýa, külke, pasta görnüşlerinde ösdürilip, önümçilik üçin täze synag işleriniň netijeli alnyp barylýandygyny belledi.
Soňra ylmy-tejribe duşuşygyny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň ekologiýa barlaghanasynyň müdiri Meretdurdy Gurbanýazow dowam edip, ol hlorella ösümliginiň peýdasy hakynda gürrüň berdi. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, hlorellanyň düzüminiň esasy bölegi beloklardan durup, uglewodlary, lipidleri we mineral duzlary özünde saklaýar. Şeýle-de hlorella A, B1, B2, B6, C, PP, K we beýleki witaminleri özünde jemleýär.
Hlorellany adaty görnüşde suwa we mallaryň iýmine garyp ulanyp bolýar. Ol oba hojalyk mallarynyň, guşlaryň we balyklaryň diri agramyny, ösümlikleriň hasyllylygyny we önümliligini artdyryp, kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar.
Çykyşlar tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar hlorella hakynda özlerini gyzyklandyrýan soraglary berip, özara pikirlerini paýlaşdylar.
Ýeri gelende bellesek, oba hojalyk pudagynda, ekerançylykda, maldarçylykda, önümçiligiň käbir görnüşlerinde eýýäm onlarça ýyl bäri hlorella ulanylyp gelinýär. Hlorella — iň gadymy bir öýjükli, ýaşyl, mikro suwoty bolup, onuň peýdasy ylmy taýdan subut edilendir. Häzirki wagtda hlorella maldarçylykda, ekerançylykda giňden peýdalanylyp, onuň senagat ähmiýeti barha artýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52