Ylmy-tejribe duşuşygymyz bu gezek hlorella hakynda geçirildi
507Ylmy açyşlaryň we oýlap tapyşlaryň netijesinde ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny senagatlaşdyrmakda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bir tarapdan ýer ýüzünde gurulýan zawod-fabrikleriň we kärhanalaryň sany köpelse, beýleki tarapdan bu kärhanalarda bölünip çykýan zyýanly maddalara garşy göreş hem artýar Ahyrky netijede bolsa, ekologiýa howpsuzlygyny amala aşyrmaklyk üçin daşky gurşawymyza zyýansyz usullar oýlanylyp, önümçilige ornaşdyrylýar.
Oba hojalyk pudagynda ekerançylykda, maldarçylykda, önümçiligiň käbir görnüşlerinde eýýäm onlarça ýyl bäri hlorella ulanylyp gelinýär. Hlorella bu iň gadymy biröýjükli ýaşyl mikro suwotular bolup, onuň peýdasy ylmy taýdan subut edilendir. Häzirki wagtda hlorellany maldarçylykda, ekerançylykda giňden peýdalanylyp, ýylsaýyn senagat ähmiýeti giňeýär. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde hepdäniň şenbe güni geçirilen ylmy-tejribe duşuşygymyz bu gezek hlorella ösümligi we onuň ähmiýeti hakynda geçirildi. Duşuşykda ilki bilen “Çemenli ýaýla” hususy kärhanasynyň direktory Şamyrat Hydyrow çykyş etdi. Ol çykyşynda hususy kärhananyň alyp barýan işleri hakynda gürrüň berdi. Kärhana häzirki wagtda hlorellany ýörüte gaplarda ergin, suspenziýa, külke, pasta görnüşlerinde öndürip, önümçilikde synag işleri netijeli alnyp barylýar. tejribeli hünärmeniň bellemegine görä, “Çemenli ýaýla” hem-de “Pajarla” hususy kärhanalarynda öndürilýän önümler ýurdumyzyň balykçylyk, maldarçylyk, ekerançylyk, guşçulyk pudaklarynda peýdalanylyp, ekologiýa taýdan arassa hasaplanylýar. Hlorella önümi adaty görnüşde, suwa we mallaryň iýmine garylyp ulanylyp bilinýär.
Soňra ylmy-tejribe duşuşygyny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň ekologiýa barlaghanasynyň müdiri Meretdurdy Gurbanýazow dowam edip, ol hlorella ösümliginiň peýdasy hakynda gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, geçirilen barlaglaryň netijesinde hlorellanyň düzüminiň esasy bölegi beloklardan durup, uglewodlary, lipidleri we mineral duzlaryny özünde saklaýar. Şeýle-de hlorella A, B1, B2, B6, C, PP, K we beýleki witaminleri özünde saklaýar. Hlorella oba hojalyk mallarynyň, guşlaryň we balyklaryň diri agramyny, ösümlikleriň hasyllylygyny we önümliligini artdyryp, kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Onuň düzümindäki hlorellin antibiotigi bolsa bakteriýalara, wiruslara, ýönekeýjelere garşy täsir edýär. Şeýle-de hlorella ösmegi üçin ýagtylygy we kömürturşy gazyny peýdalanyp, kislorody bölüp çykarýar daşky gurşawymyza uly ähmiýeti bardyr.
Çykyşlar tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar hlorella hakynda özlerini gyzyklandyrýan soraglary berip, pikirlerini paýlaşdylar. Ylmy-tejribe duşuşygynyň ahyrynda çykyş edenlere minnetdarlyk bildirilip, indiki duşuşygyň ýurdumyzda gazlandyrylan we gazsyz alkogolsyz içgileri öndürmeklik boýunça geçirilmegini teklip berdiler.
Perman Kakaýew
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek
fakultetiniň 3-nji ýyl talyby