Uniwersitetimizde Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi
462Döwür bilen aýakdaş barýan eziz diýarymyzda halkymyzyň asuda, parahat, agzybir durmuşda ýaşamagy ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik özgertmeleri dünýä jemgyýetçiliginde aýratyn hormata eýe bolýar. Türkmen halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlary, milli gymmatlyklarymyz, zenanlarymyza sarpasy sungat derejesine ýetirilip äleme dolýar. Bu günki gün gender deňligi syýasatyny adyl ýöredýän döwletimizde mährem enelerimize, gelin-gyzlarmyza goýulýan hormat ýokary derejelere göterilip, mynasyp bahalandyrylýar.
Bahar paslynyň buşlukçysy hökmünde her ýyl 8-nji martda bellenilýän halkara aýal gyzlar güni bu ýyl hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary, konsertler geçirilip, olarda zenanlarymyzyň waspy giňden ýetirilýär. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde hem halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirilip, ol hakyky baýramçylyk öwüşgünine eýe boldy. Ilki bilen uniwersitetimizde okap ylym-bilim alýan talyp gyz-gelinlerimize, zenan mugallymlarymyza we işgärlerimize Hormatly Prezidentimiziň adyndan ýädygärlik we pul sowgatlary gowşuryldy. Soňra uniwersitetimiziň çeper höwesjeňler toparynyň gurnamagynda baýramçylyk konserdi geçirildi. Bezelen sahnada ýerine ýetirilen ajaýyp aýdymlarda we şygyrlarda türkmen zenanlarynyň asyllylygynyň, edep-ekramlylygynyň, ojagyna wepalylygynyň, mähremliginiň waspy giňden ýetirildi. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda edilen çykyşlar oňa gatnaşyjylar tarapyndan mähirli garşylandy. Aýdym-sazly baýramçylyk konserdine Batyr Çaryýew, Gülşirin Hanowa ýaly sungat ussatlarynyň gatnaşyp, ýerine ýetiren çykyşlary dabaranyň täsirini has-da artdyrdy. Şatlyk-şowhuna beslenen dabaranyň ahyrynda bizi bagtly durmuşa ýetiren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş sözleri ýaňlandy.
Ýakubow Muhammetgylyç,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek
fakultetiniň 4-nji ýyl talyby