Uniwersitetimizde ýüpekçilik we ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmeklik boýunça ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi

476
Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri, durmuşa geçirýän döwletli başlangyçlary ilkinji nobatda halkymyzyň asuda, agzybir, bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen. Ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi onuň diňe bir ykdysady tarapynyň ýokary derejelere çykmagyna däl-de eýsem, ilatymyzyň bu babatynda giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli bolmagyna hem itergi berýär. 
Ýurdumyzda her bir ugry ylmy esasda düýpli öwrenmek we ondan senagat esasynda girdeýjileri gazanmaklyk boýunça köp ugurlarda mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Şolaryň arasynda elbetde ýüpekçilik pudagy hem aýratyn ähmiýete eýedir. Halkymyzyň gadymdan bäri ýüpekçilik bilen meşgullanyp, tejribelerini şu günlerimize çenli ýetirmegi häzirki wagtda ýüpekçiligiň döwlet ähmiýetli, girdeýjili pudak bolmagyna esas berýär. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde geçirilen ylmy-tejribe duşuşygy bu gezek  ýüpekçilik we ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmeklige bagyşlandy. Bu gezek duşuşygymyza Özbegistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň  söwda hyzmatdaşlygy boýunça hünärmeni hem gatnaşdy. Gyzykly geçen duşuşykda ilki bilen uniwersitetimiziň mugallymy Myratberdi Çopanow çykyş edip, ol esasan ýurdumyzda ýüpek gurçugynyň we tut agajynyň ösdürlip ýetişdirilişi barada nazary maglumatlary ýetirdi. Mugallymyň aýtmagyna görä ýüpek gurçugynyň iýmitlenýän tut agajynyň ýapragy dürli görnüşlerde bolup, has ýokumlysy ýaş tutlaryňky hasaplanylýar. Bir gurçuk özüniň ösüş döwürlerinde 25 grama çenli tut ýapragy bilen iýmitlenip, iýmite talabynyň ahyrky döwürlerde ýokarlanýar. Şeýle-de ýüpek gurçugynyň iýmit, howa, saklanyş şertlerine örän duýgurdygyny, şonuň üçin bu ugurda aýratyn gözegçiligiň alnyp barylmalydygyny mugallym belläp geçdi. 
Ylmy-tejribe duşuşygyny soňra Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Azat Gurbanow dowam etdirdi. Tejribeli hünärmen çykyşynda bir gektarda kada boýunça jemi 10400 düýp tut agajynyň ekip, bir agaçdan ortaça 3 kg çenli ýapragy alyp boljakdygyny hem-de ýüpek gurçugynyň iýmit talabyny hasaplap, bir gektar ýerde jemi 34 guta çenli saklap boljakdygyny belledi. Şeýle-de tejribeli hünärmen ýurdumyzda köpçülikleýin tut agajyny ekmekligiň ýüpekçilik üçin örän ähmiýetli boljakdygyny, bu ugurda ýyladyşhanalary gurmaklygyň zerurdygyny aýtdy.
Çykyşlar tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar ýüpekçiligiň milli we halkara tejribeleri barada özara pikir alyşdylar. Ylmy-tejribe duşuşygynyň ahyrynda çykyş edenlere minnetdarlyk bildirilip, indiki duşuşygyň ýurdumyzda medeni şertlerde pisse agajyny ösdürip ýetişdirmeklik boýunça geçirilmegini teklip berdiler. 
Aşyrowa Aýsoltan                                             
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk 
uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň 
4-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52