Uniwersitetimizde gazlandyrylan içgileri we miwe şerbetlerini öndürmek boýunça ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi

467
Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň döwletli başlangyçlarynyň netijesinde amala aşyrylýan beýik işler watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanmagyna getirýär. Indi “Türkmenistanda öndürilen” diýen ýazgy bilen dünýä bazarlaryna eksporda çykarylýan her bir haryt bäsleşige ukyply we ýokary hilliligi bilen daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýar. 
Eýýäm birnäçe ýyl hususy telekeçilerimiz tarapyndan gazlandyrylan içgileri we miwe şerbetlerini öndürýän kärhanalaryň onlarçasy öz önümleri bilen diňe bir içerki bazarlarymyzy bezemän eýsem, daşary ýurtlara hem yzygiderli eksport edýärler. Şeýle önümleri öndürýän kärhanalaryň hatarynda “Ýüpekçi”, “Tut”, “Ak ýol” ýaly kärhanalar öz önümleri bilen halkyň söýgüsini gazanmagy başardylar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde professor mugallymlarymyz, talyp ýaşlarymyz, hususy telekeçilerimiz we beýleki isleg bildirýän myhmanlaryň gatnaşmaklarynda geçirilýän ylmy-tejribe duşuşygy bu gezek gazlandyrylan içgileri we miwe şerbetlerini öndürmek boýunça geçirilip, onuň bu gezekki myhmany “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti boldy. Ylmy-tejribe duşuşygynda ilki bilen, “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýetiniň satyş we marketing bölüminiň müdiri Merdan Durnaýew çykyş edip, ol häzirki wagtda kärhananyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Tejribeli hünärmeniň aýtmagyna görä “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti 2015-nji ýyldan bäri gazlandyrylan alkogolsyz içgileri we miwe şerbetlerini öndürip, olar bazarlarymyzda “Näzli”,            “7GEN”, “Hoşal” ýaly miwe şireleri, “Bold”, “Bulvar” ýaly gazly içgileri bilen meşhurdyr. Kärhana Mary welaýatynda ýerleşip, onda 400-e golaý hünärmen zähmet çekýär. “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti öz önümlerini Eýran Yslam Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Täjigistan, Gruziýa ýaly ýurtlara eksport etmek bilen çäklenmän, eýsem halkara sergilerde we bäsleşiklerde hem abraý gazanýarlar. Kärhanada häzirki wagtda çagalar üçin “Pökgi” brendi bilen miwe şerbetleri öndürilip, geljekde önümçiligini has-da giňeltmekligi maksat edinýändigini hünärmen aýratyn belledi.
Ylmy-tejribe duşuşygyny soňra Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýet agzasy Şamämmet Annaýew dowam etdirip, ýurdumyzda telekeçilerimize giňden goldaw berilmeginiň netijesinde öndürilýän gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň we miwe şerbetleriniň halkara bazarynda uly islegden peýdalanýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol “Ýüpekçi” ýaly hususy kärhanalara ISO 9001, ISO 22000 ýaly laýyklyk sertifikatlarynyň berilmegi, olarda ýokary hilli we howpsyz önüm öndürilýändiginiň subutnamasydygyny belläp geçdi. 
Çykyşlar tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylar marketing we önümleriň satuwy boýunça özara tejribe alyşdylar. Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenlere minnetdarlyk bildirilip, indiki ylmy-tejribe duşuşygynyň ýurdumyzda ýüpekçiligiň alnyp barlyşy boýunça geçirilmegini teklip berdiler.  
Gurbanmyradow Baýrammyrat
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 4-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52