Uniwersitetimizde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

907
Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaş türkmenistanlylaryň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik hem-de ruhy kuwwatyny jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerine ulanmaga mümkinçiliklerini giňeltmek üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, 2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Munuň özi nesilleriň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny, asudalygyny we ösüşleriň täze, okgunly gadamyny aňladýar. Döwlet Baştutanymyzyň: “Ýene-de birnäçe wagtdan ýaş nesilleriň gerdenine geljekde ýurdumyzy dolandyrmak wezipesi düşer. Munuň üçin olardan maksatlara ýetmekde hakyky watançylyk, ýokary hilli bilim almak we yhlasly zähmet çekmek talap edilýär. Ýaş nesiller Türkmenistany ösdürmekde aýgytly orny eýelemelidirler, ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidirler” diýip bellemegi ýurdumyzy hemmetaraplaýyn dünýä derejesine çykarmakda ýaşlaryň işe, durmuşa taýýarlygynyň ýokary derejede bolmalydygy baradaky talapdyr. 
Şu mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň oba hojalygyny döwrebap ösdürmekde ýaş nesilleriň orny” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Maslahatyň barşynda çykyş edenler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ýaşlar syýasaty öňe çykyp, geljege tarap hereketiň esasy güýji hökmünde uly ähmiýete eýe bolýandygyny aýratyn bellediler.
Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler ýurdumyzyň ýaş nesillerine okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.
Annaýew Anna
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52