Uniwersitetimizde sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça maslahat geçirildi

401
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 13-nji noýabrynda 321 belgili karary bilen tassyklanan Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023–2028-nji ýyllar üçin Strategiýa we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2023-nji ýyl üçin tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Bu çärä ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden wekiller gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen işlenip taýýarlanan  Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, bedende D witamininiň ýetmezçiliginiň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri geçirmek, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak, keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyş çärelerini işjeňleşdirmek  ýaly işlerde uly üstünlikleriň gazanylýandygyny buýsanç bilen bellediler.
Geçirilen çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň işgärleri hem gatnaşyp bu çäräniň ähmiýetini  has-da artdyrdylar. Olar öz çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky alyp barýan giň göwrümli  syýasaty dogrusynda we ýaşlarymyza döredijilikli okamaga, işlemäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini belläp geçdiler. Esasan hem ýaşlarymyzyň beden taýdan sagdyn, ruhubelent, arassa ahlakly, ýaramaz endiklerden daşda durmak, köçe ýol hereketine gatnaşanlarynda, ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmek ýaly häsiýetleriniň özlerinde jemlenmelidigini aýtmak bilen, talyplarymyzyň ýaş neslimize ähli ugurlarda nusga alarlykly bolmalydygyny aýratyn bellediler.  
Akynýaz Sapargeldiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm