Miweli baglary sapmak hakynda ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi

929
Mähriban watanymyz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda uly rowaçlyklara tarap bedew bady bilen ösüşlere eýe bolýar. Tamanlanan 2022-nji ýylymyzyň  halkymyz üçin bolçulyga, berekede beslenmegi “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylan 2023-nji ýylyň has-da üstünlikli, düşümli boljakdygyny kepillendirýär. Ynam bilen badalga alan täze ýylymyzda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem uly netijelere ýetmeklige maksat edilýär.  
Eziz diýarymyzyň güneşli howasy ösdürilip ýetişdirilýän miwelerimiziň datly we adam saglygyna peýdaly bolmagyna oňaýly täsir edýär. Olaryň ir ýetişmegi we köp hasyl bermeginde bolsa baglaryň sapylmagy örän wajypdyr. Häzirki wagtda mele topragymyzdan bol hasyl almak üçin geçirilýän agrotehniki çäreleriň arasynda miweli baglarymyzy sapmaklygyň birnäçe usullary ulanylýar. Olaryň arasynda ata-babalarymyzdan gelýän gadymy usullar bilen bir hatarda halkara tejribeleriň esasynda täzeçil usullar hem giňden peýdalanylýar. S.A.Nyýazow adyndaky  Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde hepdäniň şenbe güni geçirilen ylmy-tejribe duşuşygymyz hem bu gezek miweli baglaryň sapylyşy bilen baglanşykly boldy. Ylmy-tejribe duşuşygynda ilki bilen uniwersitetimiziň Ekerançylyk kafedrasynyň müdiri Laçyn Ahmedowa çykyş etdi. Tejribeli mugallym öz çykyşynda ýabany agaçlaryň miwesiniň giç ýetişýändigi we hasylynyň kiçi bolýandygy üçin olary medeni baglar bilen sapylmagynyň örän wajypdygyny aýtdy. Ýurdumyzda baglary sapmaklyk iki möwsümde, ýagny ýazda we tomusda amala aşyrylyp, ýazda sapmak üçin çybyklary gyşda öňünden kesip almalydygyny düşündirdi. Şeýle-de hünärmen sapylandan soň bir aýyň dowamynda gözegçilik işleri alnyp barylyp, tomusda baglary sapmaklygyň 90-95% çenli netije berýändigini belledi. Baglar pyntykdan we çybykdan köpeldilip, olaryň arasynda çybykdan sapylsa has-da ýokary hasyl alyp bolýandygyny, häzirki wagtda uniwersitetimizde miweli baglary sapmaklyk boýunça ylmy-tejribe işleriň geçirilýändigini belläp geçdi. 
Mugallymyň çykyşyndan soňra ylmy-tejribe duşuşygyna gatnaşyjylar miweli baglary sapmaklyk boýunça özara sorag-jogap alyşdylar. Olar bir miweli baga 2-4 we ondan hem köp miwe sortlaryny sapyp bolýandygyny, munuň üçin täze enjamlaryň we usullaryň ulanylmagynyň ähmiýetlidigini aýtdylar. Bu işleri amal etmek üçin ilki bilen enelik nahallar döredilip, soňra ýetişen nahal çybyklarynyň podwoýlara sapylmagynyň zerurdygyny, netijede miweli baglaryň hasyllylygynyň has-da artjakdygyny aýratyn bellediler. Gyzykly geçen duşuşygyň ahyrynda çykyş edenlere minnetdarlyk bildirilip, indiki ylmy-tejribe duşuşygyň temasynyň ýurdumyzda şokolad önümçiligi bilen bagly bolmagyny teklip berdiler. 
Sülgün Garajaýewa
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalygyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň müdiri

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52