Uniwersitetimizde ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda biologiýa we himiýa dersleri boýunça olimpiýada geçirildi

851
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesil hakynda edilýän alada Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. Şol sebäpli häzirki wagtda ýaş neslimiziň giň dünýägäraýyşly, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. 
Watanymyzda ýaş nesillerimiziň ýagty geljegi eýýäm mekdep ýyllaryndan  kesgitlenilýär. Munuň üçin ýaşlarmyz mekdepde okaýan wagtlary höwes bildirýän ugurlary boýunça toparlara bölünip, olara öz saýlap alan ugurlary boýunça dersler çuňlaşdyryp öwredilýär. Her bir geçirilýän ýurt we halkara derejesindäki ders bäsleşikleri bolsa ýaş nesillerimiziň has-da höweslenmegine, zehininiň açylmagyna, biliminiň çuňlaşmagyna ýardam edýär. 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilen biologiýa we himiýa dersleri boýunça döwlet olimpiýadasy hem munuň aýdyň mysalydyr.  Ýurdumyzyň himiýa we biologiýa derslerine ýörüteleşen mekdepleriň okuwçylarynyň arasyndaky ders bäsleşigi ýokary derejede gurnalyp, oňa bu derslere ökde zehinli mekdep okuwçylarynyň ýüzden gowragy gatnaşdy. Ders bäsleşiginiň açylyş dabarasynda ilki bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory Merdanbeg Piriýew çykyş etdi. Mugallym öz sözünde Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýaş nesillerimize döredilýän mümkinçiliklerini belläp, bäsleşige gatnaşýan ähli mekdep okuwçylaryna üstünlikleri arzuw etdi. Soňra açylyş dabarasyny biologiýa we himiýa boýunça geçen ýylky ders bäsleşikleriniň ýeňijileri dowam etdirdi. Ýeňijiler öz sözlerinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolmaklygyň her bir okuwçy üçin wajypdygyny, onuň ýokary okuw mekdeplerine talyp bolmaklyga uly itergidigini belläp geçdiler. 
Açylyş dabarasyndan soňra mekdep okuwçylary ders bäsleşiginiň ýumuşlaryny çözmäge girişdiler. Bäsleşikde biologiýa we himiýa dersleri boýunça berlen soraglara sanly ulgam arkaly jogap berip, mekdep okuwçylary erjelligini görkezdiler. Bäsleşik tamamlanandan soňra eminler topary arkaly adalatly baha berlip, umumy netijeler boýunça ýeňijiler yglan edildi. Ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hormat hatlary hem-de ýädygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Ýazlyýew Ysmaýyl, 
S.A.Nyýazow adyndaky Turkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52