Tut agajynyň miwesi we onuň ykdysady ähmiýeti boýunça ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi
857Güneşli diýarymyzyň mele topragyndan alynýan bol hasyl oba hojalygymyzyň ekerançylyk pudagyny ýokary derejä ýetirmekde esasy orny eýeleýär. Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan hususy telekeçiligiň giňden goldanylmagy bu ugura täzeçillikleriň girizilmegine, ykdysady girdeýjilik gazanmaklygyň täze ýollarynyň açylmagyna getirýär.
Miweli baglarmyzyň her bir görnüşinden alynýan hasylyň ykdysady girdeýjililigini artdyrmak, ekerançylygymyzy netijeli peýdalanmaklyga esaslanýar. Ýurdumyzda tut agajynyň miwesi iýmitlik, ýapragy bolsa ýüpek gurçugyny idetmeklikde peýdalanylyp. tudyň datly miwesi jana şypaly we adam bedeni üçin örän ähmiýetlidir. Biziň toprak-howa şertlerimiz tut agajynyň ösmegi üçin amatly hasaplanylýar. Daşary ýurtlarda bu agajyň miwesi we ýapragy Ýewropa ýurtlaryna eksport edilip, ýokary ykdysady girdeýji gazanylýar. Biziň ýurdumyzda hem tut agajyny köpeldip, ondan alynýan miwäni we ýapragy eksport etmäge doly mümkinçilik bar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde her hepdäniň şenbe güni geçirilýän ylmy-tejribe duşuşygymyzda bu gezek tut agajynyň miwesi we onuň ykdysady ähmiýeti boýunça geçirildi. Ilki bilen duşuşygyň başynda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy, hususy telekeçi Azat Gurbanow çykyş etdi. Tejribeli hünärmen öz çykyşynda tut agajynyň miwesiniň we ýapragynyň peýdasy we hasyllylygy barada gürrüň berdi. Kakadylan, mürepbe taýýarlanylan tuduň miwesiniň kalsiý, demir, sink ýaly maddalara baýdygyny, hasylylygynyň ortaça 250-300 kg ýetýändigini, onuň dürli keselleri bejermekde ähmiýetlidigini, şol sebäpli bu önüme daşary ýurtlarda islegiň uludygyny belläp geçdi. Şeýle-de hünärmen ýurdumyzda ösýän tuduň ak, gara we gyzyl görnüşlerine Ýewropa ýurtlarynda uly isleg bildirilýändigini aýtdy.
Ylmy-tejribe duşuşygy soňra Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdirýetiniň agzasy Şamämmet Annaýew dowam etdirdi. Birleşmäniň oba hojalyk boýunça ýolbaşçysy öz sözünde telekeçilik pudagymyzyň ykdysady görkezijileriniň barha artýandygyny, häzirki wagtda dürli oba hojalyk önümleriniň daşary ýurtlara çykarylyp, döwletimize uly ykdysady girdeýjiligiň gazanylýandygyny belledi. Mundan başga-da geljekde daşary ýurtlara çykarylýan oba hojalyk önümleriniň hatarynda tuduň miwesiniň hem uly ykdysady ähmiýetiniň boljakdygyny nygtady. Sözüniň ahyrynda Şamämmet Annaýew ýurdumyzda telekeçiligimizi ösdürmekde ylymly-bilimli, öz kärine ökde ýaşlarmyzyň zerurdygyny, şonuň üçin talyp ýaşlarmyzyň ilkinji okuw ýyllaryndan önümçilige höwesiniň bolmalydygyny belläp geçdi.
Çykyşlar tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar öz aralarynda tut agajyndan ýokary hasyly almak, ondan ykdysady girdeýji gazanmak boýunça özara pikir alyşdylar. Täsirli geçen duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar indiki ylmy-tejribe duşuşygynyň temasynyň ýurdumyzda şokolad önümçiligi boýunça geçirilmegini teklip berdiler.
Rahimow Soltan
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby