Hoşallyk maslahaty geçirildi
662Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň şäherlerini, obalaryny, şäherçelerini, etraplardaky şäherlerini we etrap merkezlerini ösdürmek bilen baglanyşykly toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Arkadagly Serdarymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň taslamalaryna garady. Bu ýerde görkezilen şekil taslamalary, desgalaryň özboluşly aýratynlyklary, ýaşyl zolaklaryň innowasion mazmuny, “Akylly” şäher konsepsiýasynyň, sanly we elektron tehnologiýalaryň ulanylmagy häzirki zaman şäher gurluşyk tejribesiniň naýbaşy derejesini özünde jemleýär.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde “Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda” Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararynyň kabul edilendigi barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini “Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri” diýip atlandyrmak çözgüdine gelnendigi baradaky hoş habar tutuş halkymyz tarapyndan uly şatlyk we buýsanç duýgulary bilen kabul edildi.
Şu mynasybetli 27-nji dekabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlary, jemgyýetçilik birleşikleriniň haýyşnamalary hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasy nazarda tutulyp, kabul edilen bu çözgüdiň ähmiýeti barada aýratyn durlup geçildi. Bu ýerde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň täze şäherde alnyp barylýan gurluşyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklaýandygyny, işleriň ilerlemegi ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur goldawlaryň berilýändigini bellediler.
Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda täze şäherde bolup, onuň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna ak pata bermeginiň, şeýle hem halkymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, ýiti zehininden, belent ylham-joşgunyndan dörän täze goşgusyny okap bermeginiň halkymyzyň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşandygyny nygtadylar. Mähriban Arkadagymyzyň täze goşgusy ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi. Bellenilişi ýaly, ajaýyp goşgy berkarar döwletimiziň abadançylygynyň, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň waspy bolup ýaňlanýar.
Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda mynasyp işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.
Akynýaz Sapargeldiýew,
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy