Uniwersitetimizde talyplaryň arasynda “DIL BILEN DÜNÝÄNI GEZER” atly bäsleşik geçirildi

521
Berkarar  döwletiň  täze  eýýamynyň  Galkynyşy  döwründe Gahryman Arkadagymyzyň,  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yolbaşçylygynda  yaş nesliň döwrebap bilim almagyny gazanmak, olary milli ruhda terbiyelemek, döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek,  ylym bilen meşgullanmak mümkinçiligini  ösdürmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle  hem  “Turkmenistanda  daşary ýurt dillerini  okatmagy  kamilleşdirmegiň  Konsepsiýasyndan”,  “Türkmenistanda  sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” we olary amala aşyrmak boyunça uly işler amala aşyrylýar. Bu ýerine  yetirilmeli  çäreleriň  meýilnamasyndan  gelip  çykýan  wezipeleri  amala aşyrmak  maksady   bilen ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Dil bilen dünýäni gezer”  atly iňlis dilinde bäsleşik  geçirildi. Bäsleşige uniwersitetiň fakultetlerinden düzülen iňlis diline ökde, ukyp başarnykly talyplar toparlary gatnaşdylar. 
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda talyplar öz aralarynda öz toparlaryny iňlis dilinde tanyşdyrmak, bije çekmek esasynda saýlanan temalar boýunça çykyş etmek, iňlis dilinde dialog ýa-da tekst diňledip, eşidenlerini öz sözlerinde beýan etmek, toparyň her bir agzasy eşitdiriljek sözleri “Spelling – bee” görnüşinde dogry harplap aýtmak şeýle-de ekranda görkezilen suratlary wasp etmek şertleri boýunça öz aralarynda bäsleşdiler. Bäsleşigiň şertler arkaly çekeleşikli ýagdaýynda geçmegi talyp ýaşlarmyzyň daşary ýurt dillerini kämil derejede bilýändiklerini görkezdi. Emin-agzalaryň çykaran netijeleri boýunça toparlara adalatly baha berlip, ýeňijiler yglan edildi. Bäsleşikde üstünlikli çykyş edip has-da tapawutlanan toparlaryň arasynda Oba hojalygyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakulteti 3-nji orna, Oba hojalygyň meliorasiýasy fakulteti   2-nji orna, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakulteti 1-nji orna, weterinar lukmançylygy fakultetiniň talyplar topary bolsa baş baýraga mynasyp boldular.
Bäsleşigiň  ahyrynda talyp ýaşlar kämillik ýolunda öňe gitmäge, özleriniň  ukyp başarnyklaryny görkezmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!
Bahargül Begnazarowa
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Diller kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm