Telekeçilikde ykdysady işleriň guralyşy we dolandyrylyşy boýunça okuw maslahaty geçirildi

550
Berkararlyk binýady berkden tutulan eziz watanymyz Arkadagly Serdarymyzyň pähim paýhasyndan ruhlanyp ähli babatda ösen jemgyýeti kemala getirýär. Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylýan ýeňişler, ýetilýän sepgitler ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň subutnamasydyr. 
Häzirki wagtda oba hojalyk pudagymyzyň senagatlaşdyrylmagy we bu pudagy has-da girdeýjili etmekde ykdysady çemeleşme örän möhüm orny eýeleýär. Ony ýokary derejede ýola goýmakda bolsa ilkinji nobatda her bir hünärmeniň maliýe sowatlylygynyň bolmagy zerurdyr. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde her hepdäniň şenbe güni geçirilýän maslahatlarymyza, ylmy-tejribe duşuşyklarymyza ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenlermiz çagyrylyp, olar bilen tejribeler paýlaşylýar. Bu gezekki ylymlar günümizde geçirilen okuw maslahaty telekeçilikde ykdysady işleriň guralyşy we dolandyrylyşyna bagyşlandy. Okuw maslahatynda  Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, “Iýmit çözgütleri” hojalyk jemgyýetiniň baş hasapçysy Temirow Ata Çaryýewiç çykyş edip, ol maliýe sowatlylygy, telekeçilikde ykdysady işleriň guralyşy we dolandyrylyşy boýunça  maslahata gatnaşyjylara gürrüň berdi. Tejribeli hünärmen islendik edara kärhananyň çykdaýjy we girdeýji böleginiň dogry ýöredilmegini, öndürilýän önümlerden gazanylýan serişdeleri dogry peýdalanmaklygyň ykdysady ýollaryny hünärmen birnäçe mysallary getirmeklik arkaly belläp geçdi. Çykyşyň esasy böleginiň oba hojalyk kärhanalarynda ykdysady işleriň talaba laýyk netijeli guralyşy boýunça bolmagy maslahata gatnaşan professor-mugallymlarda, talyp ýaşlarda, telekeçilerde we beýleki myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. 
Okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar tejribeli hünärmen bilen özara pikir alyşdylar. Täsirli we gyzykly geçen okuw maslahatynda hormatly myhmana minnetdarlyk bildirilip, ýurdumyzda telekeçiligiň islendik pudagynda zähmet çekýän her bir hünärmeniň maliýe sowatlylygynyň bolmagynyň ähmiýetiniň ýokarydygy aýratyn bellenildi.
Hydyrowa Arzygül
Oba hojalygyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy 
fakultetiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52